Döwletjan Ýagşymyradowyň Kori Anderson bilen söweşi yza süýşürildi

  • 28.03.2021 11:02
  • 34k+

Döwletjan Ýagşymyradowyň (Türkmenistan) Kori Anderson (ABŞ) bilen söweşi 2021-nji ýylyň 16-njy apreline süýşürildi diýip, Bellator ligasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Ilkibaşda, söweşi 9-njy aprelde geçirmek meýilleşdirilýärdi. Emma liga meýilnamasyny üýtgedip, bu duşuşygy Bellator 257 ýaryşynyň çäginde geçirmek kararyna geldi. Netijede söweş 2021-nji ýylyň 16-njy aprelinde ABŞ-nyň Konnektikut ştatynyň Ankaswille şäherinde Mohegan Sun Arenasynda geçiriler.
Döwletjan özüniň soňky söweşini 2019-njy ýylyň dekabrynda ACA ligasynda geçirip, eminleriň karary bilen russiýaly Alekseý Butorini ýeňdi we ikinji gezek çempionlyk adyny gorady. Ildeşimiziň bassyr sekiz gezek bäri yzly-yzyna ýeňiş gazanyp gelýändigini bellemek gerek.
Döwletjanyň Bellatordaky ilkinji garşydaşy 31 ýaşly Kori Anderson 2013-nji ýyldan bäri professional derejede çykyş edip gelýär. Ol, esasanam, UFC-däki çykyşlary bilen, şeýle hem The Ultimate Fighter realiti-şounyň 19-njy möwsüminiň ýeňijisidigi bilen tanalýar.
Döwletjan Ýagşymyradow — Kori Anderson söweşine Okko onlaýn platformasynda hem-de «Матч ТВ» teleýaýlymynda tomaşa edip bilersiňiz.
Ýatlatsak, Bellator ýarym agyr agram derejesinde gran-pri geçirýändigini yglan etdi. Onuň ýeňijisine çempionlyk guşagy we 1 million amerikan dollary berler. Söweş tory 8 söweşijiden düzülip, çärýek final duşuşyklaryndan başlanar. Titulyň häzirki eýesi — russiýaly Wadim Nemkow birinji raundda 16-njy aprelde Fil Dewis bilen duşuşar. Olaryň birinji duşuşygy 2018-nji ýylyň noýabrynda Nemkowyň ýeňşi bilen tamamlanypdy.
Ýarym final duşuşyklar iýulda, final bolsa 2021-nji ýylyň oktýabrynda geçiriler.


17.04.2026 09:31
19k+

«Söweş – meniň ömrüm!» Döwletjan PFL Belfast ýaryşynda Taýson Pedrodan rüstem geldi

Türkmen söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradow Demirgazyk Irlandiýanyň paýtagtynda şu gün irden geçirilen PFL Belfast ýaryşynda awstraliýaly Taýson Pedrony ýeňmegi başardy....

15.04.2026 19:50
21k+

Döwletjan oktagona dolanýar: Ýagşymyradow bilen Taýsonyň güýji deň gelermi

16-njy aprelde (Aşgabat wagty bilen 17-nji aprel) Belfastyň (Demirgazyk Irlandiýa) «SSE Arenasynda» türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradowyň urşy bolar. Bu gezek PFL oktagonynda oňa awstraliýaly Taýson Pedro......

13.03.2026 12:13
9k+

Hamzat Çimaýew UFC 328 ýaryşynda Şon Striklend bilen tutluşar

UFC-niň orta agramda häzirki çempiony, 31 ýaşly ýeňilmezek Hamzat Çimaýew bu agramda promouşeniň öňki çempiony, amerikaly Şon Striklend bilen tutluşar. Bu barada liganyň X sosial ulgamyndaky resmi akkaunty habar berýär...

11.03.2026 18:54
8.9k+

Oliweýra UFC-niň iň gowy söweşijileriniň P4P reýtingine gaýdyp geldi, Sarukýan çykdy

Braziliýaly söweşiji Çarlz Oliweýra agram derejesine garamazdan (pound-for-pound) UFC-niň iň gowy 15 söweşijisiniň sanawyna gaýdyp geldi. Reýtingdäki bu üýtgeşme Oliweýra UFC 326 ýaryşynda Maks Holloweýi ýeňip, BMF guşagyny gazanandan soň bolup geçdi...