Dürli kategoriýalarda iOS we Android-da işleýän iň gowy smartfonlar saýlandy

  • 27.03.2021 16:06
  • 14k+

1936-njy ýyldan bäri sarp edijileriň gyzyklanmalaryna gözegçilik edip gelýän Consumer Reports täjirçilik däl guramasy iPhone 12 Pro Max-y Apple kompaniýasynyň iň gowy smartfony we 2021-nji ýylyň iň gowy smartfonlarynyň biri diýip atlandyrdy. Bu barada ixbt.com habar berýär.

Consumer Reports iPhone 12 Pro Max-yň goşmaça awtonom iş wagtynyň, uly displeýiniň we 2,5 esse zumly kamerasynyň bardygyny belleýär. Beýleki bir tarapdan, iPhone 12 Pro Max agyr we äpet, şonuň üçin ony ulanmak hem kyn bolýar. 
Samsung Galaxy Note 20 Ultra 5G Android operasion ulgamynyň dolandyrmagynda işleýän iň gowy telefon diýlip atlandyryldy. Consumer Reports smartfony diýseň ýerine düşen ekrany, iş wagty we amatly stili üçin öwýär.
Iň gowy arzan telefon OnePlus Nord N10 5G boldy, ýöne ol 5G mmWave ulgamynyň ýokdugy üçin birneme ýazgaryldy. OnePlus Nord N100 zarýadsyz iş dowamlylygy boýunça iň gowy telefon diýlip atlandyryldy, ol zarýady iki gün saklaýar.
Awtonom iş wagty boýunça gowy netijeleri görkezen beýleki telefonlar Samsung Galaxy A71 (43 sagat) we iPhone 12 Pro Max (41 sagat) boldy.

düýn 22:43
408

DeepSeek Hytaýyň iň gymmat emeli aň startapyna öwrüldi

Hytaýyň DeepSeek startapy maliýeleşdirmegiň birinji tapgyryny tamamlap, 50 milliard ýuandan (takmynan 7,4 milliard dollar) gowrak serişde çekdi we bazarda 50 milliard dollardan ýokary bahany aldy....

17.06.2026 11:15
2.3k+

Xiaomi «Madrid» diýen wagtlaýyn at bilen täze telefon çykarmaga taýýarlanýar

Xiaomi kompaniýasynyň «Madrid» diýen gizlin atly täze smartfony ilkinji gezek halkara ykjam enjamlaryň (GSMA IMEI) maglumatlar gorunda peýda boldy. Bu ýagdaý täze telefonuň tiz wagtda satuwa çykaryljakdygynyň......

17.06.2026 08:18
1.4k+

Aýy penjeli robot-it Arktikanyň buzluklaryny ilkinji gezek üstünlikli geçdi

Hytaýyň awtonom «Lynx S10» robotynyň üýtgedilen nusgasy Demirgazyk Buzly ummanynyň kyn şertlerinde synagdan üstünlikli geçdi. Bu synaglar robot ulgamlarynyň dünýäniň iň howply zolaklarynda polýar......

17.06.2026 07:37
2.8k+

Google Earth-de mugt awiasimulýator peýda boldy: planetanyň üstünden uçup bolýar

Google Earth platformasy göni brauzeriň içinde wirtual uçary dolandyrmaga we dünýäniň dürli sebitlerini uçuş belentliginden synlamaga mümkinçilik berýän mugt awiasimulýatora elýeterliligi açdy....