Dünýäniň iň uly suraty Dubaýda geçirilen auksionda satyldy

  • 26.03.2021 20:35
  • 23k+

Kendiriň ýüzüne çekilen dünýädäki iň uly surat Dubaýda geçirilen auksionda satyldy. Bu barada ýerli “Khaleej Times” gazetine salgylanyp, Sputnik gullugy habar berdi.

Iki futbol meýdançasynyň ululygyndaky suraty iňlis suratkeşi Saşa Jafri çekdi we ony tamamlamak üçin oňa ýedi aý gerek boldy. Ilkibaşda "The Journey of Humanity" (“Adamzadyň syýahaty”) atly surat öňinçä 70 bölege bölünip, dürli ýurtlardaky alty auksionda satylar diýlip çak edildi. Ondan, takmynan, 30 million dollar gazanmak meýilleşdirilýärdi. Ýöne auksionyň netijeleri boýunça surat 62 milliona satyldy. Suraty kripto walýuta firmasynyň baş direktory Andre Abdun satyn aldy.
Suratkeş alnan pullary ÝUNESKO, ÝUNISEF we çagalara kömek etmek bilen baglanyşykly haýyr-sahawat taslamalaryna bagyşlamak isleýändigini aýtdy.

şu gün 00:03
749

ÝUNESKO-nyň mirasynyň 80%-i howp astynda, hatda Beýik Hytaý diwary-da...

ÝUNESKO-nyň 2025-nji ýyldaky barlagyna görä, Bütindünýä mirasynyň sanawyndaky ýadygärlikleriň 80%-i howa şertleriniň üýtgemegi sebäpli weýran bolmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýar....

düýn 23:26
866

Türkiýede Afina Palladanyň iki metrlik heýkeli tapyldy

Türkiýäniň günorta-günbataryndaky gadymy Laodikeýa şäherinde alnyp barlan arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda gadymy grek hudaýy Afinanyň iki metrlik mermer heýkeli tapyldy....

düýn 23:20
416

«Mumiýa 4» filminiň premýerasy has irki möhlete geçirildi

Universal Pictures kompaniýasy geljekki çykaryljak filmleriniň tertibini üýtgetdi. Hususan-da, «Mumiýa» filminiň dördünji bölümi meýilleşdirileninden has ir ekrana çykar....

düýn 23:15
653

15 ýaşly towşan öz görnüşi boýunça dünýäde iň garry diýlip ykrar edildi

Herbi lakamly "ýolbars kelleli" towşan häzirki wagtda ýaşaýan towşanlaryň iň garrysy diýlip ykrar edildi. Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berlişi ýaly, rekord hasaba alnan pursatynda onuň ýaşy 15......