«Sputnik V» dünýäde iň tanalýan sanjym boldy

  • 25.03.2021 17:54
  • 13k+

Russiýanyň koronawirusa garşy «Sputnik V» sanjymy dünýäde iň tanalýan sanjym boldy. Şeýle maglumatlary Beýik Britaniýanyň halkara bazary öwrenmek boýunça firmasy YouGov belleýär diýip, vesti.ru habar berýär.

Sorag edilenleriň 74 göterimi bu rus sanjymyny bilýär. Ikinji orunda Pfizer/BioNTech sanjymy ýerleşdi (69 %). Üçlügi AstraZeneca (60 %) jemleýär.
Şeýle-de, derňew işiniň awtorlary saýlamakda belli bir netijä gelenlerden her üçünji gatnaşyjynyň (33,2 %) «Sputnik V» bilen sanjym etdirmäge taýýardygyny bellediler. Şeýlelikde, bu görkeziji boýunça «Sputnik V» bilen Pfizer/BioNTech sanjymlary (36,6 %) lider boldy. Üçünji orunda Hytaýyň SinoVac sanjymy (26,5 %) ýerleşdi.
Derňew işi şu ýylyň 18-nji fewralyndan 3-nji mart aralygynda dünýäniň dokuz ýurdunda geçirildi. Oňa dokuz müňden gowrak adam gatnaşdy. Soraga gatnaşanlar Braziliýanyň, Argentinanyň, BAE-niň, Hindistanyň, Wýetnamyň, Serbiýanyň, Filippinleriň, Alžiriň, Meksikanyň ýaşaýjylarydyr. Bu döwletlerde dünýä ilatynyň, takmynan, 25 göterimi ýaşaýar.
Russiýanyň Göni maýa goýum gaznasynyň ýolbaşçysy Kirill Dmitriýewiň aýtmagyna görä, bu maglumatlar «Sputnik V» sanjymyna adamlar tarapyndan ýokary derejede ynam bildirilýändigini ýene bir gezek subut edýär.

15.06.2026 12:32
5.4k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.5k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.8k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......