IPhone-nyň köne modellerinde WhatsApp işlemez

  • 22.03.2021 13:02
  • 9.8k+

"WhatsApp-y" döredijiler messenjeriň diňe iOS 10 we ondan soňrakky smartfonlarda işlemegini dowam etdirjekdigini mälim etdiler. Bu diýildigi, köne iPhone 4S-lerde indiden beýläk bu programmanyň goldanylmaýandygyny aňladýar. Bu modeller üçin iň soňky täzelenme, iOS 9 2015-nji ýylda çykdy diýip, hi-tech.mail.ru habar berýär.

“Android” smartfonlary üçin hiç zat üýtgemez. “WhatsApp” henizem “Android 4.0.3”-den başlap, ähli wersiýalarda goldanylýar.

Apple-iň statistikasyna görä, kompaniýanyň enjamlarynyň 86%-i iOS 14-de, 12%-i iOS 13-de, galan 2%-i bolsa iOS 9 ýaly köne wersiýalarda işleýär. Şol sebäpli iPhone 4S-iň näçeräkdigini anyk bilmek mümkin däl diýen ýaly. Bütin dünýäde bir milliarddan gowrak “iPhone” ulanylýan bolsa, bir ýa-da birnäçe million “iPhone 4S” bolup biler.

düýn 20:12
2.8k+

Twitter-iň döredijisi internetsiz işleýän Bitchat atly messenjeri işe girizdi

Twitter bilen Bluesky-yň esaslandyryjylaryndan biri bolan Jek Dorsi internet baglanyşygy bolmasa-da işleýän merkezleşdirilmedik Bitchat atly täze messenjeriň beta wersiýasyny hödürledi. Goşundy hatlary enjamlaryň arasynda geçirmek üçin Bluetooth Mesh tehnologiýasyndan peýdalanýar...

düýn 19:57
2.7k+

Artist Gallery Awards 2025 foto bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

Artist Gallery Awards 2025 foto bäsleşiginiň emin agzalary ýaryşda ýeňiş gazanan fotosuratlaryň adyny mälim etdiler. Bäsleşige gatnaşan suratlar tebigatyň gözelligini we dartgynly pursatlaryny özünde jemleýär. Her bir surat haýwanat dünýäsinden özboluşly wakany beýan edýär, şol sanda jandarlaryň durmuşyndaky şatlykly, kynçylykly, dartgynly ýa-da howsalaly ýagdaýlary açyp görkezýär...

düýn 19:53
2.2k+

“Dýunanyň” üçünji bölümi düşürilip başlandy. Filmiň resmi ady yglan edildi

Legendary studiýasy “Dýunanyň” üçünji bölüminiň düşürilip başlanandygyny habar berdi. Deni Wilnýowyň ylmy-fantastiki wakasynyň üçünji filmi “Dýuna: Üçünji bölüm” (Dune: Part Three) adyny aldy. Taslama bu at bilen kino auditoriýasy barada maglumatlary ýygnamak we seljermek bilen meşgullanýan Rentrak analitiki kompaniýasynyň bazasynda peýda boldy...

düýn 19:37
827

“Garfild kinoda” multfilminiň dowamy çykar

Sony Pictures we Alcon Entertainment kompaniýalary “Garfild kinoda” multfilminiň dowamyny taýýarlamak işleriniň başlanandygyny habar berdi. Gürleýän pişige ýene-de Kris Pratt ses berer. Multfilmiň dowamyny düşürmek işleri birinji bölüm çykandan bir ýyldan gowrak wagt soň tassyklandy...