IPhone-nyň köne modellerinde WhatsApp işlemez

  • 22.03.2021 13:02
  • 10k+

"WhatsApp-y" döredijiler messenjeriň diňe iOS 10 we ondan soňrakky smartfonlarda işlemegini dowam etdirjekdigini mälim etdiler. Bu diýildigi, köne iPhone 4S-lerde indiden beýläk bu programmanyň goldanylmaýandygyny aňladýar. Bu modeller üçin iň soňky täzelenme, iOS 9 2015-nji ýylda çykdy diýip, hi-tech.mail.ru habar berýär.

“Android” smartfonlary üçin hiç zat üýtgemez. “WhatsApp” henizem “Android 4.0.3”-den başlap, ähli wersiýalarda goldanylýar.

Apple-iň statistikasyna görä, kompaniýanyň enjamlarynyň 86%-i iOS 14-de, 12%-i iOS 13-de, galan 2%-i bolsa iOS 9 ýaly köne wersiýalarda işleýär. Şol sebäpli iPhone 4S-iň näçeräkdigini anyk bilmek mümkin däl diýen ýaly. Bütin dünýäde bir milliarddan gowrak “iPhone” ulanylýan bolsa, bir ýa-da birnäçe million “iPhone 4S” bolup biler.

düýn 16:02
3.5k+

Ýewropada çaga iýmiti bilen bagly galmagal: «HiPP-iň» önümlerinden alaka zäheri tapyldy

Awstriýada, Çehiýada we Slowakiýada nemes brendi bolan «HiPP-iň» çaga iýmitleriniň gaplaryndan alaka zäheri tapyldy. Awstriýanyň häkimiýetleri eýýäm «SPAR» marketler torunyň 1000-den gowrak dükanlaryndan......

düýn 15:52
776

«Super Mario: Galaktika kinosy» 2026-njy ýylyň iň girdejili filmine öwrüldi

«Super Mario: Galaktika kinosy» filmi görkezilişiniň üçünji uik-endinde 35 million dollar ýygnady. Indi dünýä boýunça jemi 747 million dollar girdeji gazanan bu film 2026-njy ýylyň iň girdejili filmine öwrüldi......

düýn 15:31
2k+

Sony World Photography Awards 2026: ýylyň iň gowy suratlary saýlandy

Dünýäniň 200 ýurdundan iberilen 430 müňden gowrak işiň arasyndan «Sony World Photography Awards 2026» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi....

düýn 12:49
2.8k+

Ýene bir netije: günde 2-3 bulgur kofe içmek depressiýa howpuny azaldýar

Şanhaýdaky Fudan uniwersitetiniň alymlary tarapyndan geçirilen täze barlag kofe içmegiň psihiki saglyga gowy täsir edýändigini we depressiýanyň öňüni alyp biljekdigini tassyklady....