Dünýäniň iň bagtly ýurtlarynyň sanawy neşir edildi

  • 21.03.2021 18:45
  • 34k+

Finlýandiýa dünýäniň iň bagtly ýurtlarynyň ýyllyk reýtinginde ýene-de birinji orny eýeledi. Bu barada BMG-niň tabşyrygy boýunça taýýarlanan 2021-nji ýylyň Bütindünýä bagt hasabatynda aýdylýar. Bu gezek hasabatda COVID-19 pandemiýasynyň netijeleri we onuň ýaşaýyş hiline edýän täsiri jemlendi diýip, TASS habar berýär.

Geçen ýylyň jemi boýunça iň bagtly ýurtlaryň üçlügine Islandiýa bilen Daniýa hem girdi. Olaryň yzyndan Şweýsariýa, Niderlandlar, Şwesiýa, Germaniýa, Norwegiýa we Täze Zelandiýa gelýär. Onlugy Awstriýa jemleýär.
Russiýa bu sanawda geçen ýylky 73-nji ornundan 60-njy orna geçdi. Birleşen Ştatlar 14-nji orny, Beýik Britaniýa 18-nji orny, Fransiýa 20-nji orny eýeledi. Tanzaniýa we Zimbabwe iň bagtsyz ýurtlar diýlip bellenildi. Hasabat 149 döwleti öz içine aldy.
Bütindünýä bagt hasabaty 2012-nji ýyldan bäri neşir edilýär. Gözlegçiler ony düzenlerinde adam başyna düşýän jemi içerki önüm, sosial goldaw derejesi, ömür dowamlylygy, raýat azatlyklarynyň berjaý edilmegi, iş kepilligi, korrupsiýa derejesi we jemgyýetçilik pikir soraşmasynyň netijeleri ýaly görkezijileri göz öňünde tutýarlar.
Finlýandiýanyň ýaşaýjylary üçin bagt faktorlarynyň arasynda, köplenç, tebigata ýakynlyk, howpsuz ýaşaýyş gurşawy, zerur serwisleriň we hyzmatlaryň elýeterliligi görkezilýär.

şu gün 15:54
69

Dubaýda 9,25 milliard dollarlyk «Altyn liniýa» gurulýar: metro ulgamy 25% giňeler

Dubaýda bahasy 9,25 milliard dollara barabar bolan metronyň täze «altyn liniýasynyň» gurluşygy yglan edildi. Bu taslama barada emirligiň häkimi şeýh Muhammed bin Raşid Al Maktum habar berdi....

şu gün 15:06
185

Totyguşlaryň adamlara ýörite yşaratlar arkaly ýüzlenýändigi anyklandy

Geçirilen täze ylmy barlag totyguşlaryň kesgitli adamlara we haýwanlara ýüzlenmek üçin özboluşly ses signallaryny ulanýandygyny görkezdi. Bu barada Phys.org ylmy portalynda çap edilen makalada aýdylýar....

şu gün 14:47
257

Lihtenşteýniň «Howsalaly gyzy» 30 ýyldan soň täzeden köpe çykarylýar

Geljek aý Nýu-Ýorkda geçiriljek «Christie's» auksionynda Roý Lihtenşteýniň meşhur «Howsalaly gyz» («Тревожная девушка») atly eseri satuwa çykarylar we onuň bahasynyň 60 million dollara çenli ýetmegine......

şu gün 11:25
1.3k+

Drezdeniň golaýynda 3300 ýyllyk bürünç hazyna tapyldy

Drezdeniň golaýyndaky Wilsdorf sebitinde taryhy 3300 ýyla barabar bolan bürünç şaý-sepler tapyldy. Bu gymmatly tapyndyny Ronald Meissner atly höwesjeň arheolog ýüze çykardy....