Habibiň boşadan çempionlyk guşagy ugrunda Oliweýra bilen Çendler duşuşar

  • 21.03.2021 18:20
  • 24k+

Russiýaly söweşiji Habib Nurmagomedow karýerasyny resmi taýdan tamamlady. Netijede UFC-niň ýeňil agramda çempion guşagy boşady. Indi braziliýaly Çarlz Oliweýra bilen amerikaly Maýkl Çendler Absolýut göreş çempionatynyň (UFC) ýeňil agramda çempionynyň erkin tituly üçin söweşerler diýip, sports.ru habar berýär.

Titul söweşi UFC 262 turniriniň esasy wakasynyň çäginde 15-nji maýda Las-Wegasda geçiriler. Belläp geçsek, bu Çendler üçin karýerasynda promouşendäki ikinji söweş bolar.
MMA-daky karýerasynyň dowamynda Oliweýra 30 ýeňiş gazandy we sekiz gezek ýeňlişe sezewar boldy. Çendleriň hasabynda 22 ýeňiş we bäş ýeňliş bar.

düýn 23:43
1.2k+

«Oýunçylar öwülse-de, özüme hem buýsanýaryn»: Lempard «Kowentrini» APL-e çykardy

«Kowentri Siti» futbol kluby 2001-nji ýyldan bäri ilkinji gezek Angliýanyň premýer-ligasyna (APL) dolanmagyny resmi taýdan kepillendirdi....

düýn 12:18
3.1k+

FIFA özbegistanly eminleri Dünýä çempionaty – 2026-nyň sanawyna goşdy

FIFA-nyň habar bermegine görä, Ilgiz Tantaşewiň ýolbaşçylygyndaky özbegistanly eminler topary 2026-njy ýylda geçiriljek Dünýä çempionatynyň resmi eminleriniň sanawyna girizildi. Ýaryşda Tantaşew bilen......

düýn 12:16
1.6k+

«Marsel» futbol kluby täze logotipini tanyşdyrdy

Fransiýanyň «Marsel» futbol kluby 2026/2027-nji ýyl möwsüminden başlap ulanyljak täze logotipini hödürledi....

düýn 00:10
7.7k+

Lionel Messi «Kornelýa» futbol klubunyň eýesi boldy

«Inter Maýaminiň» we Argentinanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Lionel Messi Ispaniýanyň üçünji diwizionynda çykyş edýän «Kornelýa» futbol klubunyň eýesi boldy....