«Derýaýollary» önümçilik birleşigi açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwrüldi

  • 21.03.2021 17:53
  • 11k+

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Kararyna laýyklykda, «Derýaýollary» önümçilik birleşigi açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwrüler.

Maliýe we ykdysadyýet ministrligine we «Türkmendeňizderýaýollary» agentligine agentligiň garamagyndaky «Derýaýollary» önümçilik birleşiginiň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgedip, ony açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine bellenen tertipde öwürmek tabşyryldy.
«Derýaýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini esaslandyryjylar hökmünde «Türkmendeňizderýaýollary» agentligine — esaslyk maýadaky paýy 10 göterim we agentligiň Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna — esaslyk maýadaky paýy 50 göterim möçberde paýly gatnaşmaga ygtyýar berildi.

şu gün 00:07
576

Ýewropadaky yssy howa kondisionerlere bolan islegi rekord derejä ýetirdi

Ýewropa yklymyndaky aşa gyzgyn howa şertleri sowadyş ulgamlaryna bolan islegiň birden ýokarlanmagyna sebäp boldy. Bu ýagdaý Samsung Electronics, Midea we Mitsubishi Electric ýaly Aziýanyň öňdebaryjy......

şu gün 00:03
451

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 23:56
941

Ak tam daşary ýurtlulara gaçybatalga bermegiň doly bes edilýändigini mälim etdi

ABŞ-nyň administrasiýasy daşary ýurt raýatlaryna gaçybatalga bermegini bütinleý bes edýändigini yglan etdi. Bu barada geçirilen brifingde Ak tamyň işgärler apparatynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Stiwen Miller......

düýn 23:53
670

Korol Karl III Bukingem köşgüne dolanmakdan ýüz dönderdi

Beýik Britaniýanyň koroly Karl III we şa zenany Kamilla Bukingem köşgüniň abatlaýyş işleri doly tamamlanyp, taýyn bolandan soň hem ol ýerde ýaşamazlar. Bu barada The Daily Beast neşiri habar berýär....