Italiýada iş orunlarynyň sany bir ýylda 400 müň birlik azaldy

  • 20.03.2021 16:41
  • 4.3k+

Legacoop we Prometeia hünärmenleriniň maglumatlaryna görä, 2020-nji ýylda Italiýada iş orunlarynyň sany 435 müň birlik azaldy. Bu barada Regnum habarlar agentligi habar berýär.

Italiýada tutuş ýurt boýunça karantin 2020-nji ýylyň mart aýyndan maý aýyna çenli dowam etdi. Häkimiýetler 2020-nji ýylyň güýzünde “ikinji tolkunyň” gelmegi bilen ykdysady işjeňligi ýene-de çäklendirip başladylar. Ýurt syýahatçylaryň bolmazlygy, önümçiligiň we eksportyň azalmagy sebäpli, milliardlarça ýewro ýitirdi. Ýylyň jemi boýunça JIÖ 8,9% pese düşdi, döwlet bergisi JIÖ-iň 20%-den gowrak ýokarlanyp, JIÖ-iň 155%-den geçdi.
Hünärmenleriň hasaplamagyna görä, işsizleriň sany bir million adam artdy. Gürrüň, esasan, syýahatçylyk, jemgyýetçilik iýmiti, söwda pudagynda işleýän wagtlaýyn şertnamalary bolan raýatlar barada gidýär. Italiýanyň häkimiýetleri ýurduň raýatlaryna we işewürlere karz serişdeleri bilen birlikde onlarça milliard ýewro möçberinde kömek berdiler. Ýewropa Bileleşigi Italiýa, esasan, 200 mlrd ýewro töweregi karz kömegini berýär.
Şeýle-de, Italiýanyň orta gatlaga degişli raýatlarynyň sany 2020-nji ýylda üçden birine çenli azaldy. Muny Ipsos-Flair hünärmenleriniň derňew işleri görkezýär.
 Bu görkeziji ilatyň 40%-inden 27%-ine çenli azaldy.

düýn 15:48
4.2k+

Awstraliýada jaý bazary çökdi: öýleriň bahasy bir çärýekde 128 milliard dollar aşaklady

Awstraliýada gozgalmaýan emlägiň bahasynyň aşaklamagy, soňky çärýegiň dowamynda Sidneý we Melburn şäherleriniň ýaşaýyş jaý bazarynyň umumy gymmatyny 185 milliard awstraliýa dollary (takmyndan 128 milliard ABŞ......

27.06.2026 19:38
5.3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

27.06.2026 11:05
4.3k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......