Amerikanyň ýaşaýjysy tötänleýin telefon jaňy sebäpli millioner boldy

  • 18.03.2021 21:37
  • 30k+

Missuri ştatynyň Foristell şäherinden amerikaly Rudi Mendes garaşylmadyk ýagdaýlaryň netijesinde millioner boldy diýip, news.mail.ru habar berýär. Ol telefonyna jaň gelende iş boýunça Fentona gidip barýandygyny gürrüň berdi. Telefon jaňyna arkaýyn jogap bermek üçin, ol ýolda gije-gündiz işleýän dükanyň ýanynda saklanýar.

Gepleşenden soň, Mendes kofe bilen ýerli skretç-lotereýa petegini satyn almak kararyna geldi. Gorag gatlagyny bozup, ol kiçiräk utuş gazandy, şonuň üçin dükana dolanyp, ony başga bir täzesi bilen çalyşdy.
Birinjiden çykan utuşa alnan ikinji petek şowly boldy. Mendes 2 million dollarlyk jekpot utdy. Ýeňiji petegi barlamak hem-de hakykatdanam şeýle köp mukdarda pul utandygyny anyklamak üçin üçünji gezek dükana barandygyny aýdýar.
Rudi eýýäm utuşyny aldy, ýöne häzirlikçe ony näme etmelidigi barada netijä gelmändigini belledi.

düýn 20:09
2.9k+

Stradiwariniň Ikinji jahan urşy döwründe ýiten skripkasy 80 ýyldan soň Tokioda tapyldy

Ýaponiýada Antonio Stradiwariniň 1709-njy ýyldaky “Mendelssohn” skripkasy tapyldy. Ol Ikinji jahan urşunyň ahyryndan bäri ýiten diýlip hasaplanypdy. Saz guraly Tokioda 2018-nji ýylyň sergisiniň köne suratlarynda tapyldy diýip, The New York Times ýazýar...

düýn 20:07
3.9k+

Skarlett Ýohansson taryhda iň köp girdeji getirýän aktýor boldy. Onuň düşen filmleri $14,8 mlrd gazandy

Skarlett Ýohanssonyň gatnaşmagyndaky düşürilen filmler döredijilere taryhda islendik beýleki aktýor we aktrisa bilen deňeşdirilende, has köp girdeji getirdi diýip, The Wrap habar berýär. Ol “iň girdejili” statusyny “Ýura eýýamynyň dünýäsi: Galkynyş” (Мир Юрского периода: Возрождение) filminiň üstünligi netijesinde aldy...

düýn 17:40
1.9k+

ÝB-de smartfonlar indi batareýalaryň ömrüni görkezýän bellik bilen belgilenýär

Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda elektron gurluşlaryň sarp ediji aýratynlyklaryny, şol sanda akkumulýatoryň çydamlylygyny bellik arkaly görkezmegi göz öňünde tutýan täze düzgünler hereket edip başlady. Akkumulýatoryň ömrüni kesgitlemek üçin zarýad sikliniň – batareýanyň doly zarýadsyzlanmagynyň we ýene zarýad almagynyň sany ölçenýär...

düýn 17:28
1.5k+

Metacritic 2025-nji ýylyň birinji ýarymynyň iň gowy 20 serialyny saýlady

Metacritic portaly 2025-nji ýylyň birinji ýarymynda çykan we iň ýokary bahalary alan seriallaryň 20-ligini hödürledi. Sanawa hünärmen tankytçylardan azyndan ýedi syn alan taslamalar girdi. Reýtingde Netflix-iň alty taslamasy bar...