«Kann» film festiwalynda emin agzalaryna režissýor Spaýk Li ýolbaşçylyk eder

  • 18.03.2021 19:27
  • 3.1k+

Amerikaly kinorežissýor Spaýk Li 2021-nji ýyldaky «Kann» film festiwalynda eminleriň başlygy bolar. Bu barada dabaranyň guramaçylaryna salgylanyp, Sputnik gullugy habar berýär.

74-nji «Kann» film festiwaly 2021-nji ýylyň 6-njy iýulyndan 17-nji iýuly aralygynda geçiriler.

"Amerikaly režissýor Spaýk Liniň 74-nji «Kann» film festiwalynda emin agzalarynyň başlygy boljakdygyny tassyklamaga şat" -diýlip, habarda aýdylýar.

Guramaçylar emin agzalarynyň doly düzümini iýun aýynyň başynda hödürlärler.
Spaýk Liniň iň meşhur işleriniň arasynda «Malkolm Iks» ("Malcolm X", 1992) lentasy bar.

şu gün 00:03
660

ÝUNESKO-nyň mirasynyň 80%-i howp astynda, hatda Beýik Hytaý diwary-da...

ÝUNESKO-nyň 2025-nji ýyldaky barlagyna görä, Bütindünýä mirasynyň sanawyndaky ýadygärlikleriň 80%-i howa şertleriniň üýtgemegi sebäpli weýran bolmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýar....

düýn 23:26
657

Türkiýede Afina Palladanyň iki metrlik heýkeli tapyldy

Türkiýäniň günorta-günbataryndaky gadymy Laodikeýa şäherinde alnyp barlan arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda gadymy grek hudaýy Afinanyň iki metrlik mermer heýkeli tapyldy....

düýn 23:20
332

«Mumiýa 4» filminiň premýerasy has irki möhlete geçirildi

Universal Pictures kompaniýasy geljekki çykaryljak filmleriniň tertibini üýtgetdi. Hususan-da, «Mumiýa» filminiň dördünji bölümi meýilleşdirileninden has ir ekrana çykar....

düýn 23:15
653

15 ýaşly towşan öz görnüşi boýunça dünýäde iň garry diýlip ykrar edildi

Herbi lakamly "ýolbars kelleli" towşan häzirki wagtda ýaşaýan towşanlaryň iň garrysy diýlip ykrar edildi. Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berlişi ýaly, rekord hasaba alnan pursatynda onuň ýaşy 15......