В Туркменистане подписан Указ об увольнении в запас и о призыве на воинскую службу

  • 18.03.2021 16:33
  • 28k+

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda» Permana gol çekdi.

Resminama laýyklykda, çagyryş boýunça harby gullugy geçýän, «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda bellenen möhletleri gulluk eden harby gullukçylar 2021-nji ýylyň aprel — iýun aýlarynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşadylar.
Şeýle hem çagyryş gününe çenli 18 ýaşy dolan, harby gulluga çagyryşdan boşamak ýa-da harby gulluga çagyryş möhletini yza süýşürmek hukugy bolmadyk Türkmenistanyň erkek raýatlary, harby gulluga çagyryş möhletini yza süýşürmek hukugyny ýitiren ýaşy 27-ä çenli bolan erkek raýatlar 2021-nji ýylyň aprel — iýun aýlarynda harby gulluga çagyrylar.
Mundan başga-da, Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, goranmak ministrine, içeri işler ministrine, milli howpsuzlyk ministrine, Döwlet serhet gullugynyň başlygyna, Türkmenistanyň Prezidentiniň Howpsuzlyk gullugynyň başlygyna, Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygyna “Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda” Türkmenistanyň Kanunynda bellenen möhletleri gulluk eden harby gullukçylary harby gullukdan boşatmagy meýilnamalara laýyklykda dabaraly ýagdaýda geçirmek, söweşjeň we jemgyýetçilik-ynsanperwerlik taýýarlygynda tapawutlananlary höweslendirmek tabşyryldy.

сегодня 15:22
3.5k+

Волонтёры в Петербурге перенесли через дорогу более 27 тысяч жаб и лягушек

В Санкт-Петербурге прошла акция «Дорогу амфибиям!», в ходе которой волонтёры помогли 27 289 жабам и лягушкам пересечь автомобильную дорогу во время сезонной миграции. Об этом сообщил городской комитет по......

сегодня 11:53
2.2k+

Прощение заставляет мозг «отредактировать» болезненные воспоминания

Популярное выражение «простить и забыть» не отражает реальность — по крайней мере, с точки зрения науки. Новое исследование американских нейробиологов, опубликованное в научном журнале Emotion, доказало: когда......

сегодня 11:34
3.1k+

В EA Sports FC 26 добавили режим ЧМ-2026

Компания Electronic Arts выпустила крупное обновление для EA Sports FC 26, посвящённое чемпионату мира по футболу 2026 года....

сегодня 07:13
1k+

LVMH утвердил единые принципы по правам человека для всех брендов

Французский люксовый конгломерат LVMH представил свою первую Хартию прав человека, закрепив обязательства группы по соблюдению международных принципов и фундаментальных прав человека. Об этом пишет WWD....