Çempionlar ligasy: «Real» we «Mançester Siti» çärýek finalda

  • 17.03.2021 09:39
  • 12k+

Çempionlar ligasynyň 1/8 final tapgyrynyň jogap duşuşygynda Madridiň «Realy» «Atalantany» ýeňdi. Duşuşyk Madriddäki «Alfredo di Stefano» stadionynda geçip, 3:1 hasabynda tamamlandy.
Hasaby 34-nji minutda hüjümçi Karim Benzema açdy. 60-njy minutda Serhio Ramos 11 metrlik jerime urgusy bilen hasaby artdyrdy. Bergamasklylar diňe 83-nji minutda Luis Murieliň pökgüsi bilen jogap berdiler, ýöne eýýäm 85-nji minutda Marko Asensionyň goly «Reala» amatly artykmaçlyk berdi.
Duşuşykda eminiň jedelli kararlary hem boldy. Duşuşygyň emini Danni Makeli «Atalantanyň» howply hüjümi wagtynda arakesme yglan etdi. Bu hüjümde Muriel «Realyň» derwezebany bilen ýekme-ýek çykmak mümkinçiligine eýedi.

Beýleki duşuşykda «Mançester Siti» Mönhengladbahyň «Borussiýasy»  bilen duşuşdy. Duşuşyk Budapeştdäki «Puşkaş Arena» stadionynda geçirildi we iňlis klubunyň 2:0 hasabynda ýeňşi bilen tamamlandy.
Pökgüleri Kewin De Bruýn (12) we Filip Foden (18) tora girizdi.
Klublaryň 24-nji fewralda bolup geçen birinji duşuşygy hem «Mançester Sitiniň» şu hasapdaky  ýeňşi bilen tamamlanypdy.
Şeýlelikde, «Real» we «Mançester Siti» ýaryşyň çärýek finalyna gatnaşmaga hukuk gazandy.
Ondan öň, «PSŽ», «Liwerpul», «Portu» we «Borussiýa Dortmund» çärýek finala çykdy.

şu gün 00:00
2.1k+

Finlýandiýa bäşinji gezek hokkeý boýunça dünýä çempiony boldy

Finlýandiýanyň milli ýygyndysy hokkeý boýunça dünýä çempionatynyň final duşuşygynda Şweýsariýanyň toparyny utdy. Ýaryş Sýurih şäherinde geçirildi. Ýeňijileriň düzüminde ýeke-täk goluň awtory goşmaça wagtda......

düýn 19:46
5.8k+

Çempionlar ligasynda 2025/26 möwsüminiň topary we goly yglan edildi

Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşiginiň tehniki synçylar topary Çempionlar ligasynda 2025/26 möwsüminiň toparyny we iň gowy on goluny saýlady. Bu barada UEFA-nyň resmi sahypasynda habar berilýär....

düýn 19:25
4.2k+

Arda Güler Çempionlar ligasynda 2025/26 möwsüminiň «açyşy» diýlip yglan edildi

«Realyň» ýarymgoragçysy Arda Güler UEFA-nyň tehniki synçylarynyň baha bermegi boýunça UEFA-nyň Çempionlar ligasynda «Möwsümiň açyşy» diýlip yglan edildi....

düýn 19:24
2.1k+

Hwiça Kwarasheliýa Çempionlar ligasynda möwsümiň iň gowy oýunçysy boldy

Fransiýanyň «Pari Sen-Žermen» toparynyň we Gruziýanyň milli ýygyndysynyň wingeri Hwiça Kwarasheliýa Çempionlar ligasynda möwsümiň iň gowy oýunçysyna berilýän baýragyň eýesi boldy. Bu barada Ýewropanyň Futbol......