Türkmenistanda ilatyň ýarysyndan gowragy hususy pudakda zähmet çekýär

  • 17.03.2021 20:08
  • 26k+

Türkmenistanda zähmet çekýän ilatyň 50,3%-i ýurduň ykdysadyýetiniň hususy pudagynda, 22%-i bolsa döwlet-hususy eýeçilik görnüşine degişli kärhanalarda zähmet çekýär. Bu barada Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetine salgylanyp, ORIENT habar berýär.

Işleýän ilatyň diňe 25,3%-i döwlet edaralarynda zähmet çekýär. Munuň özi beýleki GDA ýurtlaryna garanyňda az bolup, Türkmenistanda telekeçiligiň çalt ösmegi we işewürlik üçin amatly şertleriň döredilýändiginden habar berýär.
Ýurtda ykdysadyýetiň döwlet bölegini azaltmak meselesi hökümetiň umumy strategiýasyna girizildi. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi döwlet emlägini satmak üçin yzygiderli auksionlary geçirýär. Bu bolsa ozal girdeji getirmeýän kärhanalara täze durmuş berýär we milli ykdysadyýetiň hususy pudagynyň ornuny berkitmäge ýardam edýär.
Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistanda aýry-aýry telekeçilik pudagynda işleýän zenanlar işleýän ilatyň 54,3%-ini tutýar, bu bolsa hususy pudakdaky erkeklerden 7,3 göterim köpdür.

şu gün 15:52
3.8k+

Pekinde ýeňil uçar iň beýik gökdirän binany baryp urdy

Ýeňil motorly sport uçary Pekiniň iň beýik binasy bolan China Zun (Çaýna-Szun) binasyna uruldy. Bu wakadan soň bina doly ewakuasiýa edildi diýip, «South China Morning Post» neşiri habar berýär....

şu gün 12:00
2.4k+

Aldawçylygyň aýlawly netijesi: alymlar zabun terbiýäniň çagalara ökdelik bilen aldamagy öwredýändigini subut etdiler

Çagalary terbiýelemekde aşa berk çemeleşme we fiziki temmi bermek tersine netijäni berýär. Garaşylýan tertip-terbiýäniň ýerine çagalarda ýalan sözlemek we aldamak meýilleri döreýär....

şu gün 11:31
988

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

şu gün 11:02
1.1k+

Hytaýly taýkonawtlar kosmos şertlerde ilkinji gezek lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdiler

«Şençžou-23» missiýasynyň ekipažy Hytaýyň «Týangun» orbital stansiýasyna gelenden soň ilkinji gezek mikrodartyş şertlerinde lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdi....