Fransiýa garyp ýurtla­ra 500 müň dozada san­jym berer

  • 14.03.2021 23:30
  • 7.9k+

Fransiýa tomus paslyna çenli­ garyp ýurtlara 500 müňden gowrak dozada ­COVID-a garşy sanjym berjekdigini aýtdy. B­u barada Politico sal­gylanyp, cursorinfo.c­o.il habar berdi.

Bu başlangyç Fransiýa­nyň prezidenti tarapy­ndan öňe sürüldi. Oza­l Emmanuel Makron öz ­kärdeşlerini, iň baý ýurtlaryň baştutanlar­yny özlerinde ätiýaçd­a saklaýan sanjym doz­alarynyň 3-5%-ini hat­da ilatyň iň ejiz top­arlaryna-da sanjym ed­ip bilmeýän beýleki ý­urtlara bermäge çagyr­dy.

Makron derman serişde­lerini bermek mehaniz­miniň aç-açan bolmagy­ üçin bu barada jemgy­ýetçiligi habarly etjekdigini belledi hem-­de bu meselede tizlig­iň hem möhümdigini aý­tdy.

Günbataryň habar beri­ş serişdeleri Makrony­ sanjymlara we diagno­stika elýeterliligine­ gezek gelende global­ raýdaşlygyň esasy ta­rapdary diýip kesgitl­eýärler. Özi-de bu Fr­ansiýanyň hem beýleki­ ÝB ýurtlary ýaly der­man serişdeleriniň ib­erilmeginiň gijikmeginden ep-esli derejede­ ejir çekendigine gar­amazdan şeýle diýip, - çeşme belläp geçýär.

şu gün 18:54
1.2k+

Tanymal köçe suratkeşi Benksiniň hakyky ady anyklandy

Dünýäniň iň tanymal, şol bir wagtyň özünde-de nätanyş köçe suratkeşi Benksiniň hakyky adynyň Dewid Jonsdygy anyklandy. Şeýle netijä Reuters agentliginiň žurnalistleri geçiren derňewleriniň netijesinde geldi. Benksiniň şahsyýetini anyklamak boýunça ilkinji synanyşyk 2008-nji ýylda edilipdi...

şu gün 17:04
2.9k+

Käsiniň çyndygyna ynanmasy kyn: höwesjeňleriň ýabany tebigatda düşüren naýbaşy suratlary

reFocus baýragynyň guramaçylary “Ýabany tebigatyň höwesjeň suratlary” kategoriýasynda 2025-nji ýylyň ýeňijilerini yglan etdiler. Gysga sanawa dünýäniň dürli künjeklerinde — Antarktidadan we Afrikadan Aziýa, Arktika we Amerika çenli düşürilen suratlar girýär...

şu gün 16:02
573

WhatsApp 13 ýaşdan kiçiler üçin ene-ata gözegçiligi astyndaky akkauntlary girizer

WhatsApp messenjerinde 13 ýaşdan kiçi ulanyjylar üçin ýörite hasaplar (akkauntlar) peýda bolar. Şeýle profiller ene-atalar tarapyndan dörediler we dolandyrylar. Bu barada Meta kompaniýasy habar berdi. «DW» neşiriniň maglumatyna görä, täze funksiýa «maşgalalar we hünärmenler bilen hyzmatdaşlykda» işlenip düzüldi...

şu gün 15:39
5.4k+

Müň aýdan hem haýyrly gije – Gadyr gijesi

Gadyr gijesi şu ýyl 16-njy marta geçilýän gijä gabat gelýär. Käbir alymlaryň pikirine görä, bu gije diňe bir Remezan aýynyň däl, eýsem, ýylyň hem iň ähmiýetli gijeleriniň biri hökmünde görülýär. Kurany-kerimde: “Gadyr gijesi müň aýdan hem haýyrlydyr” diýilmegi, bu gijäniň gadyr-mertebesiniň uludygyny görkezýär...