Alymlar balygyň täze görnüşine pandemiýanyň adyny dakdylar

  • 09.03.2021 17:22
  • 27k+

Kosta-Rikadaky Kokos adasynyň golaýynda alymlar ozal ylma belli bolmadyk aspirin tabletkasynyň ululygyndaky kiçijik balygy tapdylar we oňa pandemiýa itjagazy diýip at berdiler. Bu barada news.mail.ru habar berýär.

Täze görnüş “Zootaxa” žurnalynda ABŞ-daky Skrippsiň okeanografiýa institutynyň alymlary tarapyndan beýan edilýär. Bu görnüşiň adyny alymlar balygyň ýaşaýan ýeriniň örän çäkliligi – onuň Kokos adasynyň töweregindäki suwlar bilen çäklendirilýändigi bilen düşündirýärler. Görnüşi öwrenýän deňiz biology Fil Gastings şeýle çäklendirmäni COVID-19 pandemiýasy döwründäki izolýasiýa bilen deňeşdirdi.
Deňiz itjagazlarynyň garyndaşy 15 mm-den köp ulalmaýar. Daşky görnüşi boýunça pandemiýa itjagazy Kosta-Rikadan Ekwadora çenli suw astyndaky merjen gaýalarynda ýaşaýan Coralliozetus springeri balygyny ýada salýar. Ýöne täze görnüşiň žabra gapaklarynda tegmilleri we gözüniň üstünde murtjagazlaryň üýtgeşik gurluşyny görmek bolýar.
Kokos wulkan adasynyň gury ýerleri we suwlary goraghanadyr. Bu ýerde dünýäniň başga hiç bir ýerinde duşmaýan birnäçe haýwan görnüşleri ýaşaýar.

düýn 23:18
389

π0.7 roboty öň öwredilmedik işleri-de ýerine ýetirip başlady

San-Fransiskoda ýerleşýän Physical Intelligence kompaniýasy robotlar üçin niýetlenen täze π0.7modelini tanyşdyrdy. Bu model robotlara öň hiç wagt öwredilmedik işlerini ýerine ýetirmäge-de mümkinçilik berýär.......

düýn 23:05
317

Parallel aň: Alymlar beýnide astrosit esasly ikinji aragatnaşyk ulgamyny tapdylar

Nýu-Ýork uniwersitetiniň alymlary uzak wagtlap diňe kömekçi öýjükler hasaplanýan astrositleriň beýnide özleriniň giň aragatnaşyk ulgamyny emele getirýändigini anykladylar....

12.05.2026 23:21
6.4k+

Mehiko her aýda 1,5 santimetr ýere çökýär: NASA howply ýagdaýy hasaba aldy

NASA-nyň radiolokasiýa ulgamynyň maglumatlaryna görä, Meksikanyň paýtagty Mehiko şäheri her aýda ortaça 1,5 santimetr ýere çökýär....

12.05.2026 21:10
5k+

Günorta Koreýa esger ýetmezçiligi sebäpli Hyundai robotlaryndan ybarat goşun döretmek isleýär

Günorta Koreýanyň Goranmak ministrligi harby gullukçylaryň sanynyň azalmagy sebäpli, goşunda robototehnikany ornaşdyrmak üçin Hyundai Motor kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk etmegiň ugruna çykdy....