Aşgabatda "Berkarar" söwda-dynç alyş merkezi işläp başlar

  • 01.03.2021 01:07
  • 46k+

2021-nji ýylyň 1-nji martyndan başlap Aşgabatda «Berkarar» söwda-dynç alyş merkeziniň çägindäki ähli desgalar öz işini doly dikelder. Bu barada Turkmenportal agentligi söwda merkeziniň sorag-jogap gullugyna salgylanyp habar berýär. 

Ýatlap geçsek, «Berkarar» söwda-dynç alyş merkezi sebitde we dünýäde çylşyrymly epidemiologik ýagdaý sebäpli arassalaýyş-öňüni alyş maksatlary bilen 2020-nji ýylyň 13-nji iýulynda öz işini çäklendiripdi. Bu günki güne çenli söwda merkeziniň çäginde diňe azyk hem-de hojalyk harytlary dükanlary hereket edýärdi.
Goşmaça maglumat almak üçin «Berkarar» SDAM-nyň sorag-jogap gullugyna ýüz tutup bilersiňiz: +99312468006

düýn 12:18
1.1k+

Spotify 2025-nji ýylyň iň meşhur artistlerini, aýdymlaryny we albomlaryny saýlady

Spotify akym hyzmaty ýylyň jemini jemläp, 2025-nji ýylyň iň meşhur artistlerini, şeýle-de iň köp diňlenen aýdymlary we albomlary kesgitledi. Maglumatlara görä, dördünji gezek (2020, 2021 we 2022-nji ýyllardan soň) iň meşhur artist puertorikoly Bad Bunny boldy...

düýn 12:06
2.3k+

Amerikan kino instituty 2025-nji ýylyň iň gowy filmlerini we seriallaryny saýlady

Amerikan kinematografiýa instituty (AFI) 2025-nji ýylyň iň gowy kino- we teletaslamalarynyň sanawyny hödürledi. Filmleriň onlugyna şu aşakdakylar girdi: ·«Awatar: Ot we kül» (Аватар: Пламя и пепел) ·«Bir söweşden...

düýn 12:02
1.4k+

Leonardo Di Kaprio Maýkl Mannyň “Tutluşyk 2” filmine gatnaşjakdygyny tassyklady

Aktýor Leonardo Di Kaprio «Deadline» neşiri bilen söhbetdeşlikde «Tutluşyk 2» (Схватка 2) filmine gatnaşjakdygyny resmi taýdan tassyklady. Bu film režissýor Maýkl Mannyň jenaýat dramasynyň dowamy bolar. Film işläp taýýarlamak tapgyrynda bolup, ony düşürmek işleri 2026-njy ýyla meýilleşdirilýär...

düýn 12:00
2.7k+

Lego FIFA-nyň dünýä çempionatynyň kubogy görnüşinde kosntruktor toplumyny çykarar

Lego kompaniýasy we Halkara futbol federasiýasy (FIFA) dünýä çempionatynyň kubogynyň şekilini gaýtalaýan täze toplumyň çykarylandygyny habar berdi. 2842 bölekden ybarat toplum 2026-njy ýylyň 1-nji martynda satuwa çykar...