"Brent" nebitiniň bir barreliniň bahasy 67 dollardan geçdi

"Brent" nebitiniň bir barreliniň bahasy 67 dollardan geçdi

Londonyň ICE biržasynyň söwda maglumatlaryna görä, “Brent” nebitiniň bir barreliniň bahasy 67 dollardan geçdi. Nebit şeýle derejä soňky gezek geçen ýylyň ýanwar aýynda ýetipdi. Bu barada vedomosti.ru habar berdi.

25-nji fewraldaky ýagdaýa görä, nebit fýuçersleriniň bahasy 2,47% ýokarlanyp - 67,10 dollara ýetdi. «WTI» nebitiniň bir barreliniň bahasy 1,96% ýokarlanyp, 62,88 dollara ýetdi.
Koronawirusa garşy sanjymlaryň döredilmegi we käbir ýurtlarda çäklendirmeleriň kem-kemden ýatyrylmagy baradaky oňyn habarlaryň netijesinde nebit 2020-nji ýylyň oktýabr aýynyň ahyryndan bäri kem-kemden ýokarlanýar. Geçen ýyl çig mal pandemiýa we OPEK+ şertnamasynyň bozulmagy sebäpli arzanlady. Şeýlelik bilen, 2020-nji ýylyň aprel aýynyň ahyrynda “Brent” fýuçersleri bir barrel üçin 33,71 dollara, WTI bolsa 29.05 dollara çenli aşak düşdi.