Russiýa koronawirusa garşy üçünji sanjymyny bellige aldy

  • 20.02.2021 13:15
  • 8k+

Russiýa Federasiýasynyň Saglygy goraýyş ministrligi COVID-19-a garşy «KowiWak» sanjymyny bellige aldy. Bu sanjym Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň M.P.Çumakow adyndaky immunobiologik serişdeleriň barlag we işläp taýýarlaýyş Federal ylmy merkezi tarapyndan döredildi. Bu barada Hökümet Baştutany Mihail Mişustin habar berdi diýip, RIA Nowosti habar berýär.

Onuň aýtmagyna görä, sanjymyň ilkinji 127 müň dozasy mart aýynyň ortalarynda raýat dolanyşygyna giriziler. Sanjymy geljekde halkara bazaryna çykarmak meýilleşdirilýär.
«KowiWak» sanjymy diňe bir hasap boýunça üçünji sanjym bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ol görnüşi boýunça hem tapawutlydyr. Bu sanjym bitewi jansyzlandyrylan («öldürilen») koronawirusyň esasynda işlenip düzüldi. Bedene girizilenden soň, sanjym wirusyň antigen düzümini tanaýar, ony ýatda saklaýar we geljekde onuň ähli görnüşli ýüze çykmalaryna taýýar bolýar.

Çumakow adyndaky Merkeziň direktory, RYA-nyň habarçy agzasy Aýdar Işmuhametowyň pikirine görä, «KowiWak» wirusyň görnüşini özgerden ştammlaryna garşy hem täsirli bolar, çünki onda wirusyň genomynyň parçalary däl-de, tutuş özi peýdalanyldy.
Sanjymyň kliniki synaglary oktýabr aýynda başlandy, häzirki wagta çenli ýaramaz täsirler ýüze çykarylmady. Ýakynda synaglaryň ikinji tapgyry tamamlanar, soňra synaglar üç müň sany meýletinçide geçiriler.
Bu sanjymy 18-den 60 ýaş aralygynda ulanmak maslahat berilýär. Ulanyş boýunça görkezmeler synaglaryň ikinji tapgyry tamamlanandan soň giňeldilip bilner.
Belläp geçsek, Türkmenistan RF-iň koronawirusa garşy öndüren iki sany sanjymyny — «Sputnik V» we «EpiWakKorona» sanjymlaryny bellige aldy.

26.06.2026 11:31
3.5k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......