Bedewdäki aýlaw at münmäge çagyrýar

  • 16.02.2021 19:30
  • 19k+

Ippoterapiýa diýip eşidipmidiňiz?
Ippoterapiýa – bu bejeriş maksatly at çapmakdyr.
Baryp lukmançylygyň atasy Gippokrat at üstünde gezim eden näsaglaryň keselinden tiz gutulýandygyny tassyklapdyrlar. Fransuz pelsepeçisi Deni Didro bolsa, at çapmagy fiziki maşklaryň içinde iň peýdalysy hasaplapdyr.

Eýsem, at çapmagyň saglyga näme peýdasy bolup biler?
At çapmak işine bedeniň ähli myşsalary gatnaşýar. Eýeriň üstünde jebis oturmak üçin diňe eliň, aýagyň hereketi ýeterlik däl, munuň üçin tutuş göwräň kadaly deňagramlylygy saklamagy zerur bolup durýar. At çapýan adam özi duýmazdan, gaýtam lezzet alyp, deňagramlylygy saklajak bolup, bedeninde çylşyrymly hereketleri etmeli bolýar.  

Kimlere at çapmak maslahat berilýär?
Daýanç-hereket ediş synalarynyň şikesinde, skoliozda, bogunlaryň artrozynda at çapmak peýdaly täsir edip biler. Şeýle hem at çapmaklyk bogun tonusyny kadalaşdyrýar, bedeniňi berkidýär, hatda ýörişiňi gowulandyrýar. Sazlaşykly hereket edilende, oňurganyň sagdyn bolmagy, gan aýlanyşygynyň kadalaşmagy, bedende madda alyş-çalşygy gowulanýar. Şonuň üçin hem başlangyç osteohondrozda — at çapmak tüýs ýerine düşen güýmenjedir.
Galyberse-de, adampisint bu jandarlar gündelik sezewar bolup biläýjek nerw dartgynlylygyňyzy, ýadawlygyňyzy aýyrmaga kömek eder.

Nirde at çapyp bolar?
At üstüniň şular ýaly melhemlik aýratynlyklaryny bileniňizden soň, at çapmagy ýüregiňize düwen bolsaňyz gerek. Munuň üçin paýtagtymyz Aşgabatda «Bedewdäki aýlaw» diýlip halk arasynda meşhur bolan ýere baryp bilersiňiz. Ir sagat 9:00-dan agşam 18:00-a çenli bu ýerde behişdi bedewler bilen didarlaşyp, olar bilen gezim edip bolýar. Bu ýeriň işine ökde hünärmenleri size bedew münmegiň inçe syrlaryny uly höwes bilen öwrederler. Galyberse-de, bu täsin jandarlary öz eliň bilen naharlamak ýaly mümkinçilikler hem bar. Islendik adam öz ýany bilen bedewlere käşirdir, gant ýaly önümleri getirip, gamyşgulak bedewlere berip bilerler.

Bedewdäki aýlaw size garaşýar.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 55-56-15; +993-61-34-47-00

şu gün 12:00
75

Disney 2026-njy ýylda film studiýalarynyň içinde ýygymy 3 milliard dollardan geçen ilkinji studiýa boldy

Walt Disney Studios 2026-njy ýylda dünýäde kassa girdejisini 3 milliard dollardan geçiren ilkinji kinostudiýa boldy diýip, Deadline neşiri habar berýär. Çeşmäniň maglumatyna görä, kompaniýanyň şu ýylky ähli......

şu gün 11:04
1.3k+

Özbegistan serhetleri kesgitlemek çäresiniň çäginde Gyrgyzystana iki sany oba berdi

Iki ýurduň arasyndaky döwlet serhedini kesgitlemek işleriniň çäginde Özbegistanyň umumy meýdany 236 gektar bolan iki sany ilatly nokady Gyrgyzystanyň düzümine geçdi....

şu gün 10:54
557

Dua Lipa Portu şäherinde öz hususy kitaphanasyny açdy

Aýdymçy Dua Lipa Portugaliýanyň Portu şäherinde «Manifesto Library» atly öz hususy kitaphanasyny açdy. Bu taslama, içki bezegleri we gurluşy taýdan Joan Roulinge «Garri Potter» älemini döretmäge ylham beren......

şu gün 10:44
522

Barlaglar doglan wagtyňdaky pes agramy irki akyl ösüşiniň yza galmagy bilen baglaýarlar

Bilefeld uniwersitetiniň barlagçylary agramy has pes bolup doglan çagalaryň, ortaça alanyňda, ýetginjekligiň irki döwründe akyl ukyplaryny anyklaýan synaglarda beýlekilerden pes netije görkezýändiklerini ýüze......