Geely awtomobillerden dünýäde iň uly mozaika düzüp, rekord goýdy

  • 16.02.2021 18:33
  • 13k+

Ginnesiň rekordlar kitaby täze dünýä rekordyny hasaba aldy: Geely kompaniýasy awtomobillerden ägirt uly mozaika düzdi. Şeýle üstünlik hytaý Täze ýylyna gabat getirildi: gündogar senenamasy boýunça 2021-nji ýyl Öküz nyşanynyň astynda geçer, hut şonuň üçin bu jandara rekord kompozisiýasy bagyşlandy. Bu barada tarantas.news habar berýär.

Bu kompozisiýa üçin Hytaýda Dihao ady bilen satylýan ak we gara reňkli 1339 sany Geely Emgrand awtomobili gerek boldy. Netijede, iki reňkli surat emele geldi, onda öküziň kellesi we 2021-nji ýyl bilen gutlaýan ýazgy şekillendirildi. 
Munuň üçin 30 sagatdan gowrak wagt sarp edildi. Ulaglar 4-5 santimetr aralykda ýerleşdirildi. Mozaikanyň umumy meýdany 7 070,26 inedördül metr boldy.

Ginnesiň düzgünlerine görä, mozaika ýokardan seredilende belli nagşy emele getirýän awtomobillerden ybarat bolmalydy. Ulaglaryň arasyndaky aralyk hem 20 santimetrden geçmeli däl we mozaikanyň umumy meýdany azyndan 3000 inedördül metr bolmaly. 

şu gün 15:49
691

Porsche çykdajylary azaltmak üçin Taycan we Panamera modellerini birleşdirmegi göz öňünde tutýar

Porsche kompaniýasy çykdajylary azaltmak üçin Taycan we Panamera modellerini birleşdirip biler. Metbugat habarlaryna görä, Panamera ady galyp, Taycan-yň bolsa awtoulaglaryň hataryndan çykarylmagy mümkin. Porsche kompaniýasynyň ilkinji elektrik awtoulagy Taycan žurnalistlere 2019-njy ýylyň sentýabr aýynda görkezildi...

şu gün 12:28
1.7k+

Braýl elipbiýi bilen üpjün edilen Tesla Cybercab-y kör adamlar hem sürüp biler

Tesla kompaniýasynyň sürüjisiz dolandyrylýan Cybercab awtomobillerinde görüjilik ukyby peselen ýa-da doly ýitiren adamlar üçin Braýl elipbiýindäki ýazgylar bolar. Bu barada robotaksi taslamasynyň baş inženeri habar berdi...

şu gün 11:41
690

Hyundai elektromobil batareýalaryna «ikinji ömri» berer. Kompaniýa gaýtadan işlemek ýoluny saýlaýar

Hyundai Motor Group kompaniýasy Indoneziýada elektromobil akkumulýatorlarynyň aýlawly ykdysadyýet ulgamyny döretmek barada Zhejiang Huayou Recycling Technology kompaniýasy bilen şertnama baglaşdy. Degişli Ähtnama 12-nji martda kompaniýanyň Seuldaky ştab-kwartirasynda gol çekildi...

şu gün 09:25
2.3k+

Hytaý awtoulaglary ýurduň içindäkä garanyňda, daşary ýurda has köp satylýar

Hytaýyň iri awtoulag öndürijileri daşary ýurt bazarlaryna barha köp üns berip ugradylar. Ýurduň içinde satuwyň ösüşiniň haýallamagy kompaniýalaryň Hytaýdan daşarda täze müşderileri has işjeň gözlemäge mejbur edýär...