Ýaponiýada ýalňyzlyk meseleleri boýunça ministr wezipesi açylar

  • 14.02.2021 23:27
  • 9.5k+

Ýaponiýada ýalňyzlyk meseleleri boýunça ministr wezipesi açylar we ony sebitleriň ýaşaýyş derejesini dikeltmek boýunça ministr Tesuşi Sakamoto goşmaça ýerine ýetirer. Bu barada Ýaponiýanyň Ministrler Kabinetiniň başlygy Ýoşihide Suganyň kararyna salgylanyp, Nikkei habar berdi.

Tesuşi Sakamoto birnäçe ministrlikleriň we edaralaryň bu ugurdaky tagallalaryny utgaşdyrar.
Koronawirus pandemiýasy döwründe ýurtda ýalňyzlyk meselesi möwjeýär we şunuň bilen baglylykda öz janyna kast edýänleriň sany köpelýär. Ýaponiýa senagat taýdan ösen öňdebaryjy ýurtlaryň arasynda bu babatda iň ýokary görkezijä eýe.
Suga ýalňyzlygyň we üzňeleşdirmegiň esasanam aýallara täsir edýändigini aýtdy. Geçen ýyl olaryň arasynda öz janyna kast edenleriň sany 14,5% artyp, 6 976 adama ýetdi, emma erkekleriň arasynda bu görkeziji azalmagyny dowam etdirýär.

düýn 20:17
5.1k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......