BSGG SARS-CoV-2-niň tebigy çeşmesiniň gözlegine girişer

  • 13.02.2021 16:49
  • 6.3k+

BSGG-niň wekiliýetiniň Hytaýa saparynyň ikinji tapgyry SARS-CoV-2-niň tebigy çeşmesini tapmakdan ybarat. Hünärmenler donorlardan we ýiti respirator wirusly ýokanç keseli bolan näsaglardan biomateriallaryň ýygyndylaryny öwrenmegi meýilleşdirýärler – belki, olarda pandemiýadan öň peýda bolan täze koronawirusa garşy antibedenjikleri tapmak başardar. Bu barada Russiýa Federasiýasyndan BSGG-niň toparynyň hünärmeni, Rospotrebnadzoryň Paster adyndaky epidemiologiýanyň we mikrobiologiýanyň ylmy barlag institutynyň müdiriniň orunbasary Wladimir Dedkow habar berdi. Muny iz.ru ýetirýär.

Onuň aýtmagyna görä, diňe bir Hytaýdan däl, beýleki ýurtlardan hem biomateriallary gözden geçirmek meýilleşdirilýär. Dedkow SARS-CoV-2-niň ýabany tebigatdan ýok bolup, diňe adamlaryň arasynda galan bolmagynyň mümkindigini aýdýar.
Ol häzir koronawirusyň haýwanlardan adama geçmeginiň iki görnüşiniň bardygyny ýatlap geçdi. Şeýle-de bolsa, heniz tebigy çeşmäni tapmak başartmady. Hatda ýokanjyň ýarganatlardan ýaýramagy hem şübhelidir.
BSGG-niň hünärmenleri 9-njy fewralda geçirilen brifingde Hytaýdaky missiýasynyň birinji tapgyrynyň jemini jemlediler. Olar bar bolan epidemiologik maglumatlara esaslanyp, Hytaýyň Uhan şäherindäki bazarda koronawirus ýokanjynyň gelip çykyşyny kesgitlemegiň mümkin däldigini aýtdylar.

28.06.2025 13:15
7.5k+

ABŞ-da ilkinji gezek döş kapasasyny açmazdan, robot arkaly ýürek oturdyldy

ABŞ-da ilkinji gezek döş kapasasyny açmazdan robot arkaly ýürek oturtmak operasiýasy geçirildi. Bu operasiýa ABŞ-nyň Hýuston şäherindäki Baylor St. Luke’s lukmançylyk merkezinde geçirildi. Täze ýürek agyr ýürek ýetmezçiligi bilen kesellän 45 ýaşly erkek adama oturdyldy...

27.06.2025 19:10
9.5k+

Bekhem 2002-nji ýylda oýun wagtynda alan şikesi üçin operasiýa geçirdi

Beýik Britaniýanyň futbol boýunça ýygyndysynyň öňki oýunçysy Dewid Bekhem 22 ýyl mundan ozal alan şikesiniň netijesinde bileginde operasiýa geçirmeli boldy. Bu barada britan metbugaty, şol sanda The Sun gazeti habar berýär...

27.06.2025 17:46
3.3k+

ABŞ-da sütün öýjüklerini oturtmak arkaly hassasynyň görüşini bölekleýin dikeltmek başartdy

Kaliforniýanyň 28 ýaşly ýaşaýjysy Nik Harufehiň görüşini sütün öýjüklerini oturtmak arkaly bölekleýin dikeltmek başartdy diýip, Daily Mail neşiri habar berýär. Harufeh bäş ýyl ozal ABŞ-nyň Garaşsyzlyk baýramçylygynda şikes alypdyr...

26.06.2025 14:27
5.4k+

Süýji keseline we semizlige garşy ýokary täsirli dermanlaryň täze synpy - “madda-15” döredildi

Awstraliýanyň we Ýewropanyň molekulýar biologlary süýji keseline we semizlige garşy, ganda glýukozanyň derejesini peseldýän we iýmit siňdiriş bilen bagly meseleleri ýa-da etiňi ýitirmek ýaly zyýanly täsirleri bolmazdan agramy azaldýan dermanlar toparyny döretdiler...