Porsche Taycan ýapyk binada tizlik rekordyny goýdy

  • 13.02.2021 16:32
  • 12k+

Porsche Taycan Turbo S elektromobili täze rekord goýmagy başardy, awtomobil ýapyk binada 165 km/sag çenli bat alyp, ýedi ýyl mundan ozal Ford Fiesta hetçbegi tarapyndan goýlan 137 km/sag görkezijiden geçdi. Bu barada speedme.ru habar berýär. Ölçeg düzgünlerine laýyklykda, bat almak we tormozlamak prosesi jaýyň içinde amala aşyrylmaly, ýagny awtomobil köçede bat alyp ýa-da saklanyp bilmeýär.

Sürüş Täze Orleanda (Luiziana ştaty) geçirildi. Meýdança hökmünde meýdany 100 müň inedördül metrden gowrak bolan Ernest N.Morial konferensiýa merkezi saýlandy. Awtoulag sürüjisi ýoluň konuslar bilen bellenen böleginden geçip, beton diwarynyň öňünde saklanyp ýetişmelidi.
Porsche Taycan Turbo S iň ýokary derejesinde 761 at güýjüni bermäge ukyply bolan iki sany elektrik hereketlendiriji bilen üpjün edilen. Şeýle awtomobil 3 sekuntdan az wagtyň içinde duran ýerinden “ýüzlerçä” çenli tizlenmäge ukyply, onuň iň ýokary tizligi sagatda 260 kilometre barabar. 
Elektrokary amerikan professional sürüjisi Le Kin dolandyrdy. Rekord resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.
Ýatlap geçsek, 2020-nji ýylyň noýabr aýynda Porsche Taycan önümçilik elektrik ulaglarynyň arasynda iň dowamly drift boýunça dünýä rekordyny goýdy

düýn 09:56
2.1k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

26.06.2026 00:00
2.7k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....