Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetinde täze döredilen wise-premýer wezipesine bellenildi

Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetinde täze döredilen wise-premýer wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Permanyna laýyklykda, Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy wezipelerine bellenilip, Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň düzümine girizildi. Degişli resminama laýyklykda, ol Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministri wezipesinden boşadyldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň täze orunbasarynyň wezipesi döwlet we jemgyýetçilik gurluşynda, bilim hem saglygy goraýyş, maliýe-ykdysady ulgamlarda sanly ulgamy we innowasion tehnologiýalary doly derejede ösdürmekden we bu işlere gözegçiligi üpjün etmekden ybaratdyr. 
Baýmyrat Annamämmedow Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministri wezipesine bellenilip, Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministriniň orunbasary wezipesinden boşadyldy.