«Türkmenhowaýollary» Hytaý bilen Germaniýanyň arasynda ýük gatnawlaryny amala aşyrar

  • 10.02.2021 23:55
  • 26k+

«Türkmenhowaýollary» agentliginiň Boeing 777 uçary 26-njy fewraldan başlap, mart aýynyň ahyryna çenli Hytaý Halk Respublikasy bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasynda ýük gatnawlaryny amala aşyrar.

ORIENT agentliginiň habar bermegine görä, synag tertibinde amala aşyryljak bu gatnawlar Pekin – Türkmenabat – Maýn boýundaky Frankfurt – Türkmenabat ugry boýunça hereket eder. Gatnawlaryň ýygylygy hepdede bir gezek bolar.

şu gün 12:00
167

ILPOTY 2025: Emin agzalary halkara peýzaž fotosurat bäsleşiginiň ýeňijilerini saýladylar

"Ýylyň halkara peýzaž suratçysy" (International Landscape Photographer of the Year, ILPOTY) halkara bäsleşiginiň netijeleri yglan edildi. Emin agzalary dünýäniň dürli künjeklerinden gatnaşyjylaryň iberen 3600 suratynyň arasyndan iň gowularyny saýladylar...

şu gün 11:33
395

Netflix 82,7 mlrd dollara Warner Bros.-y we “Garri Potter”, “Tagtlaryň oýny” we DC franşizalary üçin hukuk satyn alýar

Netflix akym platformasy 82,7 mlrd dollara Warner Bros. Discovery kompaniýasyny satyn almak barada ylalaşygyň gazanylandygyny habar berdi. Şertnama tamamlanandan soň, platforma Warner Bros. kinostudiýasyna, HBO we HBO Max kanallaryna, şeýle-de filmleriň we seriallaryň giň toplumyna eýe bolar...

şu gün 06:00
5.8k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (08.12 - 14.12)

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi. Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda az-kem ýagyş ýagar...

düýn 12:18
1.5k+

Spotify 2025-nji ýylyň iň meşhur artistlerini, aýdymlaryny we albomlaryny saýlady

Spotify akym hyzmaty ýylyň jemini jemläp, 2025-nji ýylyň iň meşhur artistlerini, şeýle-de iň köp diňlenen aýdymlary we albomlary kesgitledi. Maglumatlara görä, dördünji gezek (2020, 2021 we 2022-nji ýyllardan soň) iň meşhur artist puertorikoly Bad Bunny boldy...