Alymlar: uranyň käbir aýratynlyklary Ýerdäki zibilden dynmaga kömek edip biler

  • 09.02.2021 17:01
  • 9.3k+

Hünärmenler uranyň oňyn we üýtgeşik häsiýetlere eýedigine hem-de onuň geljekde dünýäni gowulyga tarap üýtgedip biljekdigine ynanýarlar. Bu barada faktom.ru habar berýär.

Birnäçe ýyl mundan ozal ABŞ-nyň Mançester uniwersitetiniň ylmy barlagçylary uranyň üýtgeşik häsiýetlerini ýüze çykardylar. Şonda olar uranyň energiýa bilen baglanyşykly käbir meseleleri çözmäge kömek edip biljek reaksiýalar üçin hem-de galyndylary ýok etmekde ulanylyp bilinjekdigine göz ýetirdiler. Mundan başga-da, uran käbir derman serişdelerini döretmekde hem ulanylyp bilner diýlen çaklama bar. Barlaglar onuň biologik taýdan dargap bilýän plastmassany öndürmekde hem peýdalydygyny görkezdi.
Urany dogry ulanmak dünýäni gowy tarapa üýtgeder. Onuň kömegi bilen Ýer togalagynyň käbir çynlakaý meseleleri, şol sanda Ýeri zibillerden arassalamak meseleleri çözüler diýip, çeşme belleýär.

şu gün 10:53
1.1k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

şu gün 09:54
2.9k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

düýn 23:53
4k+

Meksikanyň jeňňelliklerinde maýýalaryň ozal näbelli şäheri tapyldy

Halkara arheologlar topary Meksikanyň günortasyndaky Kampeçe ştatynda ýerleşýän Kalakmul biosfera goraghanasynda ozal näbelli bolan maýýa şäherini ýüze çykardy. «Minanbe» diýlip atlandyrylan bu şäher sebitiň......

düýn 23:37
3.5k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......