Deňiz suwundan ekologiýa taýdan arassa batareýa döredildi

  • 08.02.2021 17:08
  • 5k+

Merkezi Florida uniwersitetiniň alymlary deňiz suwy bilen işleýän batareýa döretdiler. Şeýle batareýanyň ekologiýa taýdan arassadygy bellenilýär, sebäbi ol ulanyşdan galyp zyňylandan soň daşky gurşawa zyýan bermeýär. Bu barada ferra.ru habar berýär.

Adaty batareýanyň içinde elektrolit ergini ýerleşýär, onuň kömegi bilen iki elektrodyň - katodyň we anodyň arasynda elektrik zarýady geçirilýär. Bu erginiň düzüminde zäherli maddalar we çalt ýanýan erginler bar, şonuň üçin olar daşky gurşawa ýaramaz täsir edip bilýärler.
Şol bir wagtyň özünde hünärmenler bu ergin üçin ekologiýa taýdan has arassa we has ygtybarly alternatiwany - deňiz suwuny tapdylar. Mundan başga-da, olar batareýada sink we marganesiň nano garyndysy bilen örtülen anod ulandylar. Bu bolsa onuň berkligine we hyzmat ediş möhletine oňyn täsir etdi.

düýn 23:18
395

π0.7 roboty öň öwredilmedik işleri-de ýerine ýetirip başlady

San-Fransiskoda ýerleşýän Physical Intelligence kompaniýasy robotlar üçin niýetlenen täze π0.7modelini tanyşdyrdy. Bu model robotlara öň hiç wagt öwredilmedik işlerini ýerine ýetirmäge-de mümkinçilik berýär.......

düýn 23:05
317

Parallel aň: Alymlar beýnide astrosit esasly ikinji aragatnaşyk ulgamyny tapdylar

Nýu-Ýork uniwersitetiniň alymlary uzak wagtlap diňe kömekçi öýjükler hasaplanýan astrositleriň beýnide özleriniň giň aragatnaşyk ulgamyny emele getirýändigini anykladylar....

12.05.2026 23:21
6.4k+

Mehiko her aýda 1,5 santimetr ýere çökýär: NASA howply ýagdaýy hasaba aldy

NASA-nyň radiolokasiýa ulgamynyň maglumatlaryna görä, Meksikanyň paýtagty Mehiko şäheri her aýda ortaça 1,5 santimetr ýere çökýär....

12.05.2026 21:10
5k+

Günorta Koreýa esger ýetmezçiligi sebäpli Hyundai robotlaryndan ybarat goşun döretmek isleýär

Günorta Koreýanyň Goranmak ministrligi harby gullukçylaryň sanynyň azalmagy sebäpli, goşunda robototehnikany ornaşdyrmak üçin Hyundai Motor kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk etmegiň ugruna çykdy....