Xiaomi üýtgeşik ekranly smartfony hödürledi

  • 07.02.2021 15:33
  • 15k+

Xiaomi kompaniýasynyň baş müdiri Leý Szýun Weibo sosial ulgamyndaky sahypasynda rewolýusion smartfony görkezýän birinji wideony ýerleşdirdi. Bu barada mymsk.online habar berýär.

Smartfonda ähli tarapdan 88° burç bilen egrelen dört egremli ilkinji şaglawuk ekrany ulanylýar. Smartfonuň ekrany diňe gapdal gyralara däl, eýsem, ýokary we aşak tarapa hem egrelýär. Şeýlelikde, displeý frontal üstüň meýdanynyň 100 göterimini, şeýle-de gapdal gyralarynyň we uçlarynyň ep-esli bölegini tutýar. Gapdal seksiýalar haýsydyr bir duýduryşlary, programmalaryň nyşanlaryny, peýdaly maglumaty we beýlekileri görkezip bilýär.
Gurluş Quad Curved Waterfall Display Concept Smartphone adyny göterýär. Bu smartfonuň işletmek we sesi sazlamak düwmeleri, şeýle-de zarýad beriş üçin porty ýok. Smartfon çalt simsiz zarýad beriş tehnologiýasyny we başga-da birnäçe tehnologiýany göterýär.
Smartfonuň yzky panelinde üýtgeşik kamera bar. Onuň ýokarky inedördül blogunda bir şekil datçigi we uly yşyk diodly çyra ýerleşen, aşagynda ýene bir inedördül meýdan bar. Häzirlikçe Xiaomi smartfonuň çykjak senesini we bahasyny mälim edenok.

şu gün 00:17
679

Voyager Technologies: adamlar eýýäm 2030-njy ýyllardan başlap Aýda ýaşap we işläp bilerler

Voyager Technologies aerokosmos startapynyň baş direktory Dilan Teýlor adamlaryň şu onýyllygyň ahyryna çenli Aýy işjeň öwrenmäge başlajakdygyny, indiki onýyllygyň başynda bolsa ol ýerde hemişelik ýaşap we......

düýn 19:33
884

Unitree Robotics kompaniýasy dünýäde ilkinji pilotirlenýän transformasiýa roboty bolan GD01-i döretdi

Hytaýyň Unitree Robotics kompaniýasy dünýäde ilkinji pilotirlenýän transformasiýa roboty bolan GD01-i köpçülikleýin öndürmäge doly taýýar edip görkezdi....

düýn 15:48
1.7k+

WSJ: Google bilen SpaceX orbita maglumat merkezlerini ugratmak hakda gepleşik geçirýär

«Google» kompaniýasy «SpaceX» bilen hasaplaýyş kuwwatlyklaryny kosmosda ýerleşdirmegi göz öňünde tutýan synag tehnologiýasy — orbital maglumat merkezlerini işe girizmek barada gepleşikler geçirýär. Bu barada......

düýn 07:30
2.2k+

Huawei 10 000 mA·sag kuwwatly we düýbünden täze gurluşly batareýany synagdan geçirýär

Huawei kompaniýasy materiallary we gurluşy boýunça täze nesil akkumulýatorlary synagdan geçirýär. Insajer «Digital Chat Station-yň» berýän maglumatyna görä, bu batareýalaryň sygymy 10 000 mA·sag derejesinden......