Daimler awtokonserni iki bölege bölüner we “Mercedes-Benz” adyny alar

  • 07.02.2021 15:15
  • 11k+

Germaniýanyň Daimler awtomobil konsernini täze strategiýa bilen baglanyşykly iki bölege bölmek we Mercedes-Benz diýip atlandyrmak meýilleşdirilýär. Daimler-iň adyny üýtgetmek işi şu ýylyň üçünji çärýeginiň ahyryna çenli tamamlanmaly diýip, procrossover.ru habar berýär.

Daimler Truck garaşsyz kompaniýa hökmünde ýük ulaglaryny we awtobuslary çykarmak bilen meşgullanyp, bu ugurda “dünýäniň öňdebaryjy öndürijisi we tehnologiýa lideri” bolmak isleýär. Daimler Truck şu ýylyň ahyryna çenli Frankfurt fond biržasynda özbaşdak söwda edip başlar.
Daimler AG-yň “ýolagçy awtomobil” bölüminiň ady Mercedes-Benz diýlip atlandyrylar we ýolagçy hem-de ýeňil söwda awtomobillerine ýöriteleşdiriler. Kompaniýa, ýolbaşçylygyň maksadyna görä, dünýä bazarynda “lýuks” klasyndaky awtomobilleri öndürmekde, elektromobil we awtomobil programma üpjünçiligi ulgamynda lider bolmaly.

“Bu Daimler üçin taryhy pursat we düýpli özgerişleriň başlangyjy boldy. Mercedes-Benz Cars & Vans we Daimler Trucks & Buses indi öz alyjylar topary, şeýle-de tehnologiki aýratynlyklary we maýa zerurlyklary bilen aýratyn kärhanalar bolar” – diýip, konserniň müdiri Ola Kallenius belleýär.

şu gün 10:36
541

Peugeot indi arzan awtomobilleri çykarmaz

Peugeot brendi arzan şäher awtomobillerine gaýdyp gelmekden resmi taýdan ýüz öwürdi we model 108-iň yzyny dowam etdirmegi meýilleşdirmeýär. Bu barada kompaniýanyň baş direktory Alen Fawe aýtdy. Peugeot 108 modeliniň önümçiligi tas bäş ýyl mundan ozal tamamlandy we şondan bäri markanyň iň elýeterli modeli Peugeot 208 boldy...

düýn 14:19
4.6k+

Hyundai täze Elantra we Tucson modellerine «PLEOS Connect» atly emeli aňly öz multimedia ulgamyny ornaşdyrar

Hyundai Motor Group täze Elantra we Tucson modellerinde PLEOS Connect atly multimedia ulgamyny hödürlär. Bu kompaniýanyň «programmalaýyn kesgitlenýän awtoulaglar» (SDV – software-defined vehicle) üçin niýetlenen ilkinji özboluşly programma platformasydyr...

düýn 13:41
4.6k+

Audi ilkinji gezek Gün benzininde synag edildi

Şweýsariýanyň Synhelion kompaniýasy ilkinji gezek awtoulagda sintetiki Gün ýangyjyny ulandy. Kompaniýanyň metbugat beýanatyna görä, bu özboluşly benzinde ilkinji bolup 1985-nji ýylda öndürilen meşhur «Audi Sport Quattro» modeli sürlüp görüldi...

düýn 13:27
4.6k+

BMW M2 CS Nýurburgring ýaryş ýolunda ykjam awtoulaglaryň arasynda rekord goýdy

«BMW M2 CS» köpçülikleýin öndürilýän ykjam awtoulaglaryň arasynda Nýurburgring ýaryş ýolunda täze rekord goýdy. Kupe görnüşli awtoulag 20,8 kilometrlik ýoly 7 minut 25,5 sekuntda geçdi. Şeýlelikde, ýoly 7 minut 30 sekuntdan gysga wagtda geçmegi başaran ilkinji ykjam awtoulag boldy...