Keýlor Nawas CONCACAF boýunça onýyllygyň iň gowy futbolçysy diýlip yglan edildi

  • 06.02.2021 19:07
  • 3.9k+

Futbol taryhynyň we statistikasynyň halkara federasiýasy (IFFHS) "PSŽ"-niň hem-de Kosta-Rikanyň milli ýygyndysynyň derwezebany Keýlor Nawasy CONCACAF boýunça onýyllygyň iň gowy futbolçysy diýip yglan etdi. Bu barada sport-express.ru habar berdi.

Sanawda 2011-nji ýyldan 2020-nji ýyla çenli iň gowularyň arasynda Nawasdan soň “Mançester Ýunaýted”, Madridiň “Realy” we Lewerkuzeniň “Baýer” toparlarynda oýnan meksikaly hüjümçi Hawier Hernandez bar. Üçünji ýeri bolsa “Fulhemdäki” we “Tottenhemdäki” oýunlary bilen tanalýan amerikaly hüjümçi Klint Dempsi eýeledi.
34 ýaşly Nawas CONCACAF boýunça iki gezek ýylyň oýunçysy we üç gezek ýylyň derwezebany diýen ada eýe boldy. 2014-nji ýylda ol Kosta-Rikanyň milli ýygyndysy bilen Dünýä çempionatynyň çärýek finalyna çykdy, şondan soň ony Madridiň "Realy" satyn aldy. Madridli klub bilen Nawas üç gezek Çempionlar ligasynda ýeňiji bolup, 2017/18 möwsüminde ýaryşyň iň gowy derwezebany boldy.

şu gün 00:00
1.9k+

Finlýandiýa bäşinji gezek hokkeý boýunça dünýä çempiony boldy

Finlýandiýanyň milli ýygyndysy hokkeý boýunça dünýä çempionatynyň final duşuşygynda Şweýsariýanyň toparyny utdy. Ýaryş Sýurih şäherinde geçirildi. Ýeňijileriň düzüminde ýeke-täk goluň awtory goşmaça wagtda......

düýn 19:46
5.6k+

Çempionlar ligasynda 2025/26 möwsüminiň topary we goly yglan edildi

Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşiginiň tehniki synçylar topary Çempionlar ligasynda 2025/26 möwsüminiň toparyny we iň gowy on goluny saýlady. Bu barada UEFA-nyň resmi sahypasynda habar berilýär....

düýn 19:25
4k+

Arda Güler Çempionlar ligasynda 2025/26 möwsüminiň «açyşy» diýlip yglan edildi

«Realyň» ýarymgoragçysy Arda Güler UEFA-nyň tehniki synçylarynyň baha bermegi boýunça UEFA-nyň Çempionlar ligasynda «Möwsümiň açyşy» diýlip yglan edildi....

düýn 19:24
2k+

Hwiça Kwarasheliýa Çempionlar ligasynda möwsümiň iň gowy oýunçysy boldy

Fransiýanyň «Pari Sen-Žermen» toparynyň we Gruziýanyň milli ýygyndysynyň wingeri Hwiça Kwarasheliýa Çempionlar ligasynda möwsümiň iň gowy oýunçysyna berilýän baýragyň eýesi boldy. Bu barada Ýewropanyň Futbol......