Hyundai Beýik Britaniýada uçýan taksiler üçin dünýäde ilkinji porty gurar

  • 02.02.2021 20:45
  • 12k+

Urban Air Port kompaniýasy ýük dronlary we uçýan taksiler üçin dünýäde ilkinji doly derejeli merkezi gurmak üçin hökümet grantyny utdy. Onuň strategiki hyzmatdaşy bolup Koreýanyň Hyundai Motor Group konserni çykyş edýär. Täze infrastruktura desgasy Air-One diýlip atlandyrylar. Ony eýýäm 2021-nji ýylyň ahyrynda işe girizmek meýilleşdirilýär. Bu barada carsweek.ru habar berýär.

Şäher howa porty adaty howa menzilinden has ykjam bolar, ýagny bu ýeriň 60% tygşytlanmagyna mümkinçilik berer. Şeýle howa duralgasy uzyn uçuş-gonuş zolagynyň bolmagyny talap etmeýär. Täze port Gün batareýleriniň kömegi bilen awtonom işläp biler.
Koreýalylar üçin bu taslama gatnaşmak geljege göz aýlamak bilen möhüm ädimdir. Ýatlap geçsek, 2028-nji ýylda Hyundai häzirlikçe eVTOL hökmünde belli bolan ilkinji elektrik dik uçuş uçaryny çykarmagy meýilleşdirýär.
Bäş ýylyň içinde tutuş dünýäde 200 töweregi şeýle ýöriteleşdirilen desgany gurmak göz öňünde tutulýar. Hünärmenleriň pikiriçe, bularyň ählisi daşky gurşawa oňyn täsir eder. Merkeziň gurluşygy Future Flight Challenge gaznasynyň gözegçiligi bilen amala aşyrylýar. Onuň esasy maksatlarynyň biri Beýik Britaniýany elektrik şäher howa hereketi gurşawynda öňdebaryjy etmekdir.

şu gün 13:57
890

Implant ysmazly syçanlaryň hereketini dikeltmäge kömek etdi

Barlagçylar adamlarda we haýwanlarda oňurga ýiliginiň şikeslerini bejermegiň täsirli usulyny döretmäge bir ädim ýakynlaşdylar. Oklend uniwersitetiniň (Täze Zelandiýa) alymlary ysmaz alakalarda hereket funksiýalaryny dikeldýän minimal inwaziw tehnologiýany işläp düzdüler...

06.07.2025 15:43
2.3k+

ABŞ-ly alymlar robotlara gutynyň içindäki predmetleri görmegi öwretdiler

Massaçusets Tehnologiýa institutynyň (MIT) alymlary ammar robotlaryna karton gutularyň, plastmassa gaplaryň içinde ýa-da ýuka diwarlaryň aňyrsyndaky predmetleri ýokary takyklykda kesgitlemäge mümkinçilik berýän mmNorm tehnologiýasyny döretdiler...

05.07.2025 19:13
4.3k+

Pikiriň güýji bilen dolandyrylyp bilinýän robot protez gol döredildi

Alymlar operasiýa edilmezden ýa-da gymmat enjamlary ulanmazdan pikiriň güýji  bilen dolandyrylyp bilinýän robot goly döretdiler. Täze inwaziw däl “beýni-kompýuter” interfeýsi elektrodly şlem bilen işleýär we bedene oturdylmagyny talap etmeýär...

29.06.2025 12:54
4.2k+

Singapurly alymlar "derleýän" boýag döretdiler. Ol salkyn howany saklap galýar

Singapurly alymlar yssy we çygly howa şertlerinde kondisioner üçin energiýa sarp edilişini ep-esli azaldyp bilýän innowasion ak reňkli boýag döretdiler diýip, New Atlas neşiri ýazýar. Täze boýag "derleýär" – ýagny, nemi özünde saklap, gyzanda ony buglandyrýar...