Gök reňk tebigatda nädip peýda boldy?

  • 31.01.2021 11:49
  • 9.3k+

Ösümlik we haýwanat dünýäsinde gök reňke seýrek gabat gelinýär. Alymlar onuň peýda bolmagy üçin ewolýusion sebäpler bolandyr diýip çaklaýarlar. Munuň diňe arylaryň görüş aýratynlygy bilen bagly bolmagy-da ähtimal.

Ösümliklerde gök ýa-da mawy reňkiň näderejede seýrek ýa-da köp duş gelýändigine düşünmek üçin hünärmenler täze onlaýn maglumatlar bazasyny ulandylar diýip phys.org ýazýar. Görlüp oturylsa, abiotiki taýdan (ýeliň ýa-da suwuň kömegi bilen) tozanlanýan gülleriň hiç biri-de gök däl eken. Beýle reňkli ösümlikleriň köpüsi mör-möjekler tarapyndan tozanlandyrylýar.
Şonuň üçin gök reňkli gülleriň netijeli tozanlanmagy üçin ewolýusiýany başdan geçirendir diýen pikir öňe sürüldi. Şol bir wagtyň özünde şeýle pigmenti öndürmek gaty kyn. Şeýle bolansoň, ösümlikleriň şeýle reňkde bolmagyny onuň daşky gurşaw şertlerine uýgunlaşandygynyň möhüm nyşany hasaplap bolar.
Mälim bolşy ýaly, adamlar we mör-möjekler reňkleri dürli-dürli kabul edýärler. Arylarda ýaşyl, gök reňklere we ultramelewşe şöhlelenmesine duýgur fotoreseptorlar bar.
Agyr şertlerde, mysal üçin, Gimalaý daglarynda gök güller has ýygy duş gelýär. Bu az sanly tozanlandyryjylary özüne çekmek üçin ösümlikleriň has köp tagalla etmelidigini görkezip biler. Emeli dökünlemek, mal bakmak, ot ormak ýaly antropogen täsirler hem tebigy gurşawdaky gök gülleriň sanyny azaldýar. Şonuň üçin alymlar baglarda we seýilgählerde bu reňkli ösümlikleriň ýeterlik mukdarda üpjün edilmegine ünsi jemlemegi teklip edýärler.

"Iýmitimiziň, takmynan, üçden bir bölegi ösümlikleriň mör-möjekler bilen tozanlanmagyna baglydyr. Şeýle-de bolsa, ary we beýleki mör-möjekler howa, ýaşaýyş ýerleriniň bölünmegi, oba hojalygy we beýleki antropogen faktorlar sebäpli azalýar" - diýip, hünärmenler belleýärler.

düýn 14:10
1.5k+

Netflix NASA-nyň raketalarynyň uçuşyny we beýleki kosmos missiýalaryny ýaýlyma berer

Netflix akym hyzmaty NASA bilen hyzmatdaşlykda raketalaryň uçuşyny, astronawtlaryň açyk kosmosa çykyşyny we beýleki kosmos bilen bagly wakalary göni ýaýlymda görkezip başlar. Bu barada platformanyň sosial ulgamlarynda habar berilýär...

düýn 12:14
2.5k+

Türkmenistanda «Sanly çözgüt – 2025» innowasion taslamalar bäsleşigine arzalar kabul edilip başlandy

“Türkmenaragatnaşyk” agentligi Türkmenistanda sanly tehnologiýalary ösdürmäge gönükdirilen “Sanly çözgüt-2025” innowasion taslamalar bäsleşigini açyk diýip yglan etdi. Bäsleşige gatnaşmak üçin hasaba alnyşyk 1-nji iýulda “Türkmentelekom” EAK-nyň telecom...

düýn 11:20
6.4k+

Alymlar ilkinji gezek haýal ýertitremesini ýazgy etdiler

Alymlar ilkinji gezek Ýaponiýanyň kenaryndaky suwasty çat açan zolagynda haýal ýertitremesini hasaba aldylar. Ostindäki Tehas uniwersitetiniň barlagçylary tarapyndan geçirilen barlaglar ýertitremeleriniň sunamini emele getirýänligi bilen belli umman çat açmasynyň uzaboýuna nädip ýaýraýandygyny görkezdi...

01.07.2025 20:25
6.3k+

Türkmenistanly ýaş alymlar Malaýziýada halkara innowasiýa bäsleşiginde altyn medal gazandylar

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň ýaş alymlary Malaýziýada geçirilen “Borneo Halkara innowasiýa we döredijilikli pikir bäsleşigine” (BIICC 2025) gatnaşyp, ýokary sylaglara mynasyp boldular...