“Marseliň” janköýerleri toparyň bazasyna girip, ýangyn döretdiler we oýunçyny ýaraladylar

  • 31.01.2021 23:46
  • 8.3k+

Şenbe güni “Marseliň” iki ýüz töweregi janköýeri klubuň gowşak çykyşlaryna gahar edip, onuň türgenleşik bazasyna hüjüm etdi. Netijede, bir futbolçy ýaralandy, bazanyň golaýynda ýangyn boldy, janköýerler bilen hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň arasynda bolan çaknyşykda üç polisiýa işgäri zyýan çekdi. Bu barada championat.com saýty habar berýär.

Waka Fransiýanyň çempionatynyň çäginde ak-gökleriň “Renne” garşy duşuşygynyň başlamazyndan birnäçe sagat öň bolup geçdi. Netijede, duşuşygy näbelli möhlet bilen yza süýşürmeli boldy.
“Marseliň” muşdaklary şeýle gahary toparyň netijelerine nägilelik bilen düşündirýärler. Fransiýanyň çempionatynyň 20 tapgyryndan soň “Marsel” turnir sanawynda ýedinji orny eýeleýär, möwsümiň başynda ol birinji setire dalaş edipdi. Topar soňky dört oýunda, şol sanda Fransiýanyň Superkubogy üçin “Pari Sen-Žermene” garşy oýunda hem ýeňildi.
Mundan başga-da, topar häzirki möwsümiň Çempionlar ligasynda hem bary-ýogy üç utuk gazanyp, toparçada “Mançester Sitiden”, “Portudan” we “Olimpiakosdan” soň ahyrky dördünji orny eýeledi.
“Marseliň” ýolbaşçylygy wandalizmi ýazgaryp, resmi beýan bilen çykyş etdi. Willaş-Boaş ýakyn wagtda işden çykyp biljekdigini aýtdy. 

“Men iýun aýynda klubdan giderin diýip pikir edýärin, bu gowusy. Häzirki ýagdaýy nazara alsaň, bu soňy bolsa gerek” – diýip, portugaliýaly hünärmen aýtdy.

Fransuz metbugatynyň maglumatlaryna görä, Willaş-Boaşyň ornuna Dortmundyň “Borussiýasyna” ýolbaşçylyk eden şweýsariýaly Lýusýen Fawr çagyrylyp bilner. 

şu gün 16:29
913

Türkmen türgenleri dekabr aýynda Abu-Dabidäki «Gran Fondo» ýaryşyna gatnaşarlar

Welotrek boýunça Türkmenistanyň ýygyndysy 2025-nji ýylyň dekabr aýynda Abu-Dabide geçiriljek Welosport hepdeliginiň çäklerinde «Gran Fondo» weloýaryşyna gatnaşar. Bu barada Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky ilçisi Ahmet Al-Haý Al Hammadi «Neýtralnyý Türkmenistan» gazetinde çap edilen makalasynda belleýär...

02.12.2025 11:18
15k+

Ronaldu emeli aňly robot derwezebana gol geçirmek üçin 12 gezek synanyşmaly boldy

Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň we saud “Al-Nasrynyň” hüjümçisi Kriştianu Ronaldu meşhur ylmy bloger Mark Roberiň topary tarapyndan döredilen emeli aňly robot derwezebana garşy gol geçirmek synanyşygyndan kynlyk bilen baş çykardy...

02.12.2025 09:29
7.8k+

Belgiýaly ýeňil atletikaçy adamkärçilikli hereketi üçin baýrak aldy

Belgiýaly ýeňil atletikaçy Tim Wan de Welde Tokioda geçirilen dünýä çempionaty-2025-de görkezen asylly hereketi üçin Feýr Pleý halkara baýragyna mynasyp boldy. Päsgelçilikli 3000 metr aralyga ylgawda onuň garşydaşy, kolumbiýaly Karlos San Martin pellehana golaýda nobatdaky päsgelçilikden geçende agyr şikes aldy...

01.12.2025 14:58
2.8k+

Dýuplantis we Maklaflin-Lewron ýylyň ýeňil atletikaçylary diýlip yglan edildi

Şwesiýaly şestli böküji Arman Dýuplantis we amerikaly ylgawçy Sidni Maklaflin-Lewron Bütindünýä ýeňil atletika assosiasiýasy (World Athletics) tarapyndan ýylyň ýeňil atletikaçylary diýlip ykrar edildi. Baýragyň gowşurylyş dabarasy ýekşenbe güni Monakoda geçirildi...