Gurban Berdiýew dünýäniň iň gowy tälimçileriniň sanawynda 27-nji ýerde

  • 30.01.2021 17:31
  • 15k+

Clubelo analitik saýty dünýäniň iň gowy tälimçileriniň sanawyny düzdi. Reýting amerikan fizigi Arpad Elo tarapyndan işlenip düzülen Elo reýting algoritmine esaslanýar. Sanawa soňky 4 ýylda işlän ähli tälimçiler girdi. Bu barada sport-express.ru habar berýär.

Reýtingde birinji orny “Mançester Sitiniň” baş tälimçisi Hosep Gwardiola (2173 bal) eýeleýär. Ikinji orunda – “Atletikodan” Diego Simeone (2070), üçünji orunda – “Tottenhemden” Žoze Mourinýu (2068). 
Ilkinji bäşlige “Liwerpulyň” tälimçisi nemes hünärmeni Ýurgen Klopp we “RB Leýpsig” bilen işlän watandaşy Ralf Rangnik girdi.
Sanawdan Gurban Berdiýew (27-nji orun, 1858) we Ýuriý Sýomin (37-nji orun, 1837) hem orun aldy. Berdiýewiň soňky iş ýeri “Rubindi”, hünärmen 2019-njy ýylyň iýun aýynda topardan gitdi. 
“Zenitiň” baş tälimçisi Sergeý Semak 108-nji orny eýeledi (1693), “Spartakdan” Domeniko Tedesko 165-nji orunda (1634), “Rubinden” Leonid Sluskiý – 190-njy orunda (1617), SSKA-dan Wiktor Gonçarenko – 218-nji orunda (1593).

şu gün 00:00
1.9k+

Finlýandiýa bäşinji gezek hokkeý boýunça dünýä çempiony boldy

Finlýandiýanyň milli ýygyndysy hokkeý boýunça dünýä çempionatynyň final duşuşygynda Şweýsariýanyň toparyny utdy. Ýaryş Sýurih şäherinde geçirildi. Ýeňijileriň düzüminde ýeke-täk goluň awtory goşmaça wagtda......

düýn 19:46
5.6k+

Çempionlar ligasynda 2025/26 möwsüminiň topary we goly yglan edildi

Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşiginiň tehniki synçylar topary Çempionlar ligasynda 2025/26 möwsüminiň toparyny we iň gowy on goluny saýlady. Bu barada UEFA-nyň resmi sahypasynda habar berilýär....

düýn 19:25
4k+

Arda Güler Çempionlar ligasynda 2025/26 möwsüminiň «açyşy» diýlip yglan edildi

«Realyň» ýarymgoragçysy Arda Güler UEFA-nyň tehniki synçylarynyň baha bermegi boýunça UEFA-nyň Çempionlar ligasynda «Möwsümiň açyşy» diýlip yglan edildi....

düýn 19:24
2k+

Hwiça Kwarasheliýa Çempionlar ligasynda möwsümiň iň gowy oýunçysy boldy

Fransiýanyň «Pari Sen-Žermen» toparynyň we Gruziýanyň milli ýygyndysynyň wingeri Hwiça Kwarasheliýa Çempionlar ligasynda möwsümiň iň gowy oýunçysyna berilýän baýragyň eýesi boldy. Bu barada Ýewropanyň Futbol......