Türkmenistanda erkekleriň we zenanlaryň aýlyk haklarynyň aratapawudy aýdyldy

  • 27.01.2021 10:46
  • 41k+

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti ýurtda iş derejesi baradaky käbir statistiki maglumatlary köpçülige mälim etdi. Maglumatlara görä, ýurdumyzyň ykdysadyýetinde işleýänleriň 45,8 göterimini zenanlar düzýär.

Şol bir wagtyň özünde zenanlaryň, esasan, saglygy goraýyş, bilim, durmuş üpjünçiligi, medeniýet we sungat, dynç alyş we güýmenje ýaly ugurlarda işleýändigi bellenildi.
Magdançylyk pudagynda, karýerde, gurluşyk, ulag toplumlarynda we ş.m. işçileriň aglaba köplügini erkek adamlar düzýär. Munuň özi bu işleriň aýratynlyklary bilen düşündirilýär. Elbetde, howply we zyýanly faktorlar bilen baglanyşykly işlerde has köp hak tölenýär.
Şol sebäpli soňky bäş ýylda berlen maglumatlara görä, Türkmenistanda erkekler zenanlardan, ortaça, 10-15% köp gazanýarlar.
Deňeşdirmek üçin: Russiýada erkekler zenanlardan 30% köp gazanýar. Germaniýada bu tapawut 22%-e barabardyr. "news.eurabota.ua"-nyň habar bermegine görä, Beýik Britaniýa, Gollandiýa, Belgiýa ýaly Ýewropa ýurtlarynyň birnäçesinde erkekler 14-17% köp gazanýar.
Iň uly aýlyk aratapawudyna Braziliýada we Hindistanda şaýat bolunýar. Bu ýerde aýallar erkeklerden 35-36% az gazanýar.

düýn 23:54
1k+

Merginiň watany: Keseliň iň gadymy ojagynyň yzlary Baýkal sebitinde tapyldy

Takmynan 5,5 müň ýyl ozal Baýkal kölüniň golaýynda aradan çykan onlarça awçy-ýygyjynyň dişlerinde mergi keselini döredýän bakteriýanyň DNK-synyň saklanyp galandygy belli boldy. Bu baradaky ylmy makala Nature......

düýn 23:47
1.1k+

Fransiýada aşa yssy howa sebäpli heläkçilik görkezijileri birden ýokary galdy

Fransiýada aşa yssy howanyň başlanmagy bilen gündelik ölüm görkezijilerinde ep-esli ösüş hasaba alyndy. Ýurduň «Santé publique France» milli saglygy goraýyş agentliginiň berýän maglumatlaryna görä, 24-nji......

düýn 23:45
841

Awstraliýanyň gaýalarynda dünýäniň iň kiçi haltaly jandarlarynyň täze görnüşi tapyldy

Kwinslend tehnologiýa uniwersitetiniň alymlary «Planigale petrophila» diýlip atlandyrylan haltaly haýwanlaryň täze görnüşini giňişleýin häsiýetlendirdi....

düýn 20:40
1.5k+

Seulyň 70 ýaşdan uly ýaşaýjylary awtobuslarda mugt gatnap biler

Seulyň şäher geňeşi 70 ýaşly we ondan uly bolan ýaşaýjylar üçin şäher awtobuslarynda mugt gatnamak baradaky karary makullady....