Lukman ömri uzaltmagyň ýönekeý usullary hakynda aýtdy

  • 24.01.2021 21:26
  • 18k+

Britaniýaly lukman Tim Lebens iýmitlenmegiň ömrüň dowamlylygyny ýokarlandyrýan esasy ýörelgeleri hakynda aýtdy. Bu barada RIA Nowosti habar berdi.

Lukman, ilkinji nobatda, şekerden ýüz öwürmegi maslahat berýär. Şunuň bilen birlikde ol şekeriň adam saglygyna zyýanynyň uludygyny, onuň ömrüň dowamlylygyna hem öz täsirini ýetirýändigini belleýär.
Şeýle hem, lukmanyň bellemegine görä, duzuň kabul edilmegini azaltmaly. Lebensiň bellemegine görä, ulular üçin rugsat berilýän iň ýokary doza - alty gramdyr, ýagny bir çaý çemçesinden köp bolmaly däldir.
Ösümlik iýmitlerini iýmek hem ömrüň dowamlylygyna oňyn täsir edýär. Merjimek, nohut we hoz beden üçin zerur iýmitleri, beloklary we uglewodlary özünde jemleýär. Lukmanyň aýtmagyna görä, "reňkli" gök önümleri ýatdan çykarmaly däldir.
Ýene bir zat - artykmaç iýmejek bolmaly. Bu juda möhümdir. Munuň üçin lukman haýal iýmegi we kiçi tabaklary ulanmagy maslahat berýär. Lebens doýandygyňyz barada beýnä habar bermek üçin içegä 20 minut töweregi wagtyň gerek bolýandygyny aýtdy. Şeýle hem ol günde, azyndan, iki litr suwuklyk içmegi maslahat berdi.

düýn 23:49
176

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....

11.05.2026 23:10
2.8k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
4k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.6k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....