Messi FIFA 21-de 2020-nji ýylyň simwolik ýygyndysyna "sygmady"

  • 23.01.2021 23:39
  • 10k+

“EA Sports” özüniň Twitter sahypasynda FIFA 21-däki 2020-nji ýylyň simwolik ýygyndysyny tanyşdyrdy. Onda bu gezek "Barselonanyň" ýyldyzy Lionel Messä ýer tapylmady diýip, championat.com habar berdi.

FIFA 21-de 2020-nji ýylyň simwolik ýygyndysy:
Manuel Noýer ("Bawariýa")
Alfonso Dewis ("Bawariýa")
Serhio Ramos (Madridiň "Realy")
Wirjil wan Deýk ("Liwerpul")
Trent Aleksander-Arnold ("Liwerpul")
Brunu Fernandeş ("Mançester Ýunaýted")
Kewin De Bruýn ("Mançester Siti")
Ýozua Kimmih ("Bawariýa")
Kriştianu Ronaldu ("Ýuwentus")
Robert Lewandowski ("Bawariýa")
Kilian Mbappe ("Pari Sen-Žermen")
Dalaşgärleriň sanawyna jemi 70 oýunçy girdi. Ýylyň simwolik ýygyndysy ses bermek arkaly düzüldi. Oňa girmegi başaran oýunçylar ýörite kartoçkalary alarlar. Goşmaça 12-nji oýunçy aýratyn ses bermek arkaly saýlanar.

düýn 23:43
509

«Oýunçylar öwülse-de, özüme hem buýsanýaryn»: Lempard «Kowentrini» APL-e çykardy

«Kowentri Siti» futbol kluby 2001-nji ýyldan bäri ilkinji gezek Angliýanyň premýer-ligasyna (APL) dolanmagyny resmi taýdan kepillendirdi....

düýn 12:18
2.9k+

FIFA özbegistanly eminleri Dünýä çempionaty – 2026-nyň sanawyna goşdy

FIFA-nyň habar bermegine görä, Ilgiz Tantaşewiň ýolbaşçylygyndaky özbegistanly eminler topary 2026-njy ýylda geçiriljek Dünýä çempionatynyň resmi eminleriniň sanawyna girizildi. Ýaryşda Tantaşew bilen......

düýn 12:16
1.5k+

«Marsel» futbol kluby täze logotipini tanyşdyrdy

Fransiýanyň «Marsel» futbol kluby 2026/2027-nji ýyl möwsüminden başlap ulanyljak täze logotipini hödürledi....

düýn 00:10
7.4k+

Lionel Messi «Kornelýa» futbol klubunyň eýesi boldy

«Inter Maýaminiň» we Argentinanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Lionel Messi Ispaniýanyň üçünji diwizionynda çykyş edýän «Kornelýa» futbol klubunyň eýesi boldy....