Türkmenistan Russiýanyň COVID-19-a garşy ikinji sanjymyny bellige almaga taýýarlanýar

Türkmenistan Russiýanyň COVID-19-a garşy ikinji sanjymyny bellige almaga taýýarlanýar

"Нейтральный Туркменистан" gazetiniň habar bermegine görä, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrine Russiýa Federasiýasynda işlenilen täze "EpiWakKorona" sanjymyny Türkmenistanda bellige almak boýunça işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Öň habar berşimiz ýaly, şu hepde Türkmenistan Merkezi Aziýada Sputnik V sanjymynyň öz çäginde ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji döwlet boldy.
Ýaňy-ýakynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesine baranda degişli ýolbaşçylara ýiti wirus ýokanjyna garşy sanjym öndürýän beýleki ýurtlar bilen hem gepleşikleri dowam etdirmegi tabşyrdy.