Saglygy goraýyş boýunça IX türkmen-german forumy geçirildi

  • 22.01.2021 17:10
  • 5k+

21-22-nji ýanwarda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara ylmy-okuw merkezinde saglygy goraýyş boýunça IX türkmen-german forumy geçirildi.

Bu teleköpri Mýunhen uniwersitetiniň Grosshadern klinikasynyň tanymal alym-professorlaryny hem-de ýurdumyzyň döwlet düzümleriniň we ylmy-kliniki merkezleriniň, Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň , şonuň ýaly-da saglygy goraýyş ulgamynyň welaýatlardaky hem-de paýtagtymyzdaky düzümleriniň ýolbaşçylaryny we wekillerini birleşdirdi.
Şu gezekki onlaýn duşuşykda urologiýa we ginekologiýa şol sanda çagalar urologiýasy we ginekologiýasy meselelerine üns berildi. Şeýle hem ýokary töwekgelçilikli göwrelilikde öňüni alyş lukmançylygy, göwrelilikde ýokanç keseller, ginekologiýa keselleri we beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Lukmançylygyň bu ugurlarynyň Türkmenistandaky hem-de Germaniýadaky ýagdaýy baradaky çykyşlar diňlenildi, öňüni alyş çäreleri beýan edildi, işgärleri okatmagyň häzirki zaman çözgütleri hem-de aýratynlyklary barada gürrüň edildi.
Şonuň ýaly-da, adam doglandan tä garraýança urologiýa skrininginiň çäreleri; böwrek keselleriniň patofiziologiýasy, anyklanylyşy, bejerilişi we gaýraüzülmeleriniň öňüniň alnyşy; erkeklerde howply täze döremeler (karsinoma): anyklaýyş hem-de bejeriş we beýleki mowzuklara garaldy. Nemes alymlary tejribe alyşdylar hem-de keselleri bejermegiň täze usullaryny ulanmagyň netijeleri barada gürrüň berdiler.
Halkara lukmançylyk merkezleri müdirliginiň halkara iç keselleri merkeziniň iň gowy iş tejribesiniň mysalynda peşew bilen bagly daş keselleri anyklamak we öňüni almak, ony bejermek barada pikir alşyldy.
Çykyşlaryň dowamynda slaýd-tanyşdyrmalaryň, wideomateriallaryň ulanylmagy Türkmenistanyň we Germaniýanyň klinikalarynda işe girizilen, näsaglaryň ömrüni halas etmäge hem-de saglygyny dikeltmäge ýardam edýän täzelikleriň birnäçesine baha bermäge mümkinçilik berdi.

düýn 14:50
3.8k+

Johnson & Johnson saglyk üçin howply çaga prisypkasy sebäpli $40 mln tölemäge borçlandy

Los-Anjelesiň Ýokary kazyýeti Johnson & Johnson kompaniýasyny köp ýyllaryň dowamynda talk saklaýan çaga prisypkasyny ulanmagyň netijesinde ýumurtgalygyň rak keseline sezewar bolandygyny aýdan iki aýala 40 mln dollar tölemäge borçlandyrýan karary çykardy...

12.12.2025 15:36
5.2k+

Robot-hirurg ilkinji gezek kataraktany aýyrmak boýunça operasiýa geçirdi

Lukmançylyk bilen inženerçiligiň çatrygynda göz hirurgiýasynda uly öwrülişikleri wada berýän düýpli öňe gidişlik boldy: Kaliforniýanyň Los-Anjeles uniwersitetinde (UCLA) işlenip düzülen robot ulgamy dünýäde ilkinji gezek adamda kataraktany aýyrmak boýunça operasiýany üstünlikli geçirdi...

10.12.2025 11:51
7.5k+

Gögerçiniň dersinde adamlar üçin howply, BSGG-niň sanawyna girýän patogenler tapyldy

M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň (MDU) Topragy öwreniş bölüminiň hünärmenleri gögerçinleriň dersinde adam saglygy üçin howply bolan askomiset görnüşli gabartmalary tapdylar. Uniwersitetiň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, bu mikroorganizmler esasan hem çagalarda we immun ulgamy gowşak adamlarda bu görnüşli ýokançlyklaryň döremegine sebäp bolup biler...

10.12.2025 11:36
2k+

Braziliýa denge keseline garşy dünýäde ilkinji bir komponentli waksinany döretdi

Braziliýa denge gyzzyrmasyna garşy dünýäde ilkinji bir komponentli waksinanyň synaglaryny üstünlikli tamamlap, ony ibermek üçin taýýarlady. Bu derman gaýtadan goýberilmegi talap etmeýär we iň ejiz ýurtlara eltip bermek üçin niýetlenendir diýip, Rio-de-Žaneýro Federal uniwersitetiniň (UFRJ) rektory Robertu Medronýua salgylanýan TASS habar berýär...