Welaýat häkimleri tejribe alyşmak üçin Mary welaýatyna baryp gördüler

  • 21.01.2021 17:18
  • 8k+

Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça düýn welaýatlaryň häkimleri, şeýle hem beýleki käbir ýolbaşçylar Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, dürli ugurlarda iş tejribesi bilen tanyşdylar.

Welaýatlaryň häkimleri, medeniýet ministri, Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk institutynyň rektory paýtagtymyzda, soňra Mary welaýatynyň häkimliginde milli Liderimiziň öňde goýan degişli wezipelerini toplumlaýyn ýerine ýetirmek boýunça işleriň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Iş saparyna gatnaşyjylar Maryda “Türkmeniň ak öýi” binasyna baryp gördüler. Onuň binagärlik keşbinde gadymy türkmen öýüni dikeltmek pikiri öz beýanyny tapdy, şeýle hem döwrebap dizaýnerçilik çözgütleri ulanyldy.
Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiziň başlangyçlary bilen “Türkmeniň ak öýi” binasy beýleki welaýatlarda-da gurulýar. Şunuň bilen baglylykda, Maryda bu ajaýyp desgany guran binagärler we telekeçiler şeýle desgalaryň gurluşygyny alyp barýan kärdeşleri bilen tejribe alyşdylar.
Olar binany gurmagyň aýratynlyklary, gurluşykda zerur bolan serişdelerdir enjamlar, gurnalan abzallardyr tehnikalar, gurluşykda ulanylan ölçeg kadalary we beýlekiler barada gürrüň berdiler.
Soňra ýyladyşhana hojalyklarynyň işini guramagyň oňyn tejribesini öwrenmek maksady bilen, Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň pomidor ösdürilip ýetişdirilýän ýyladyşhanasynyň işi bilen tanyşlyk guraldy. Bu ýerde geçirilen söhbetdeşlige ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň oba hojalyk önümlerini öndürmek bilen meşgullanýan telekeçileri hem gatnaşdylar.
Ýyladyşhana hojalygynyň ýolbaşçysy döwletimiz tarapyndan kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek maksady bilen berilýän ýeňillikli karz pul serişdelerinden peýdalanyp, giň möçberli ýyladyşhanany gurandygy, onda döwrebap enjamlaryň gurnalandygy barada gürrüň berdi.
Oba hojalyk önümleriniň bolçulygyny üznüksiz üpjün etmek ugrunda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli we maksatnamalaýyn işler döwlet Baştutanymyzyň öňde goýan wezipeleriniň üstünlikli çözülmeginiň bir mysaly hökmünde “Erkin gurluşyk” hususy kärhanasynyň alyp barýan işlerini görkezmek bolar. Tejribe alyşmak saparynyň dowamynda bu hojalyga hem barlyp görüldi.

şu gün 06:34
258

Telegram-da maglumatlaryň dogrulygyny barlaýan funksiýa peýda boldy

Telegram messenjerinde maglumatlaryň dogrulygyny barlaýan ýerli mehanizm peýda boldy. Täze funksiýany ilkinji bolup «Kod Durowa» sahypasynyň redaksiýasy ýüze çykardy. Mundan ozal şol sahypa Telegram-da faktçekingiň işe girizilip bilinjekdigi barada habar beripdi, indi bolsa onuň işleýändigini tassyklaýan ilkinji subutnama peýda boldy...

şu gün 06:25
245

Melaniýa Tramp EA-nyň kömegi bilen ses berlen audio kitabyny çykardy

Melaniýa Tramp neýroulgam arkaly ses berlen “Melaniýa” ýatlamalarynyň audio görnüşini çykardy. Emeli aň onuň öz sesini, intonasiýasyny we äheňini gaýtalady diýip, Futurism neşiri ýazýar. ABŞ-nyň Birinji hanymynyň sesiniň sanly nusgasyny döretmek boýunça iş ElevenLabs amerikan kompaniýasy tarapyndan geçirildi...

düýn 19:22
7.8k+

Bezosyň Wenesiýadaky toýy brendleri 222 mln dollar baýatdy

Jeff Bezos bilen Loren Sançesiň Wenesiýadaky toýy brendlere 222 mln dollar girdeji getirdi. Şeýle baha metbugatda, sosial ulgamlarda we mediakanallarda agzalýar diýip, Launchmetrics analitiki kompaniýasynyň maglumatlaryna salgylanyp, WWD habar berýär...

düýn 18:56
2.4k+

BTS topary harby gullukdan soň ilkinji albomy we konsert syýahatyny anons etdi

BTS K-pop topary harby gulluk sebäpli ýüze çykan arakesmeden soň döredijilik işine gaýtadan başlady. Topar täze albomyň üstünde işläp başlandygyny we onuň reliziniň 2026-njy ýylyň ýazyna meýilleşdirilendigini aýtdy diýip, CNN habar berýär...