Sahara çölüne soňky 40 ýylda altynjy gezek gar ýagdy

  • 20.01.2021 19:31
  • 18k+

Alžiriň "Çöl derwezesi" ady bilen tanalýan Aýn-Sefra şäherine gar ýagdy. Suratçylar bu seýrek hadysany surata düşürip ýetişdiler. Bu barada mir24.tv habar berdi.

Sahara çöli Afrika yklymynyň demirgazygynda ýerleşip, ol dünýäde iň uly çöl hasaplanylýar. Soňky döwürde çölüň her ýyl günorta tarap 6-10 kilometr giňelýändigine gözegçilik edilýär.
Bu hadysa sebitde soňky 40 ýylda eýýäm altynjy gezek gaýtalanýar. Beýle ýagdaý iň soňky gezek 2020-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda bolupdy. Şonda 40 santimetre çenli ygal düşdi. Afrika garlarynyň birnäçe sagadyň içinde eremegine garamazdan, şäherde ulag hereketi bölekleýin togtadyldy. 30 minut dowam eden iň uly gar 1979-njy ýylyň fewral aýynda Aýn-Sefra ýagypdy. Mundan başga-da, gar 2005, 2012 we 2016-njy ýyllarda ýagypdy.

şu gün 09:56
3.1k+

Filippindäki ýer titremesi deňziň düýbüni iki metr ýokary galdyrdy

Filippinde bolup geçen 7,8 magnitudaly ýer titremesi deňziň düýbüniň iki metr ýokary galmagyna getirdi. Bu ýagdaý hatda Mindanao adasynyň kenar ýakasyny hem üýtgetdi....

düýn 22:20
3.9k+

Planetamyz her ýyl 10 million gektar töweregi tokaý ýitirýär: asyryň başyndan bäri bu ýitgi iki essä golaý artdy

Earth-iň hasaplamalaryna görä, dünýäde her ýyl 10 million gektar töweregi tokaý ýitirilýär, bu ýitginiň 96%-i tropiki sebitlerde bolýar. 2001-nji ýyldan 2024-nji ýyla çenli agaç örtüginiň ýitgisiniň möçberleri......

düýn 18:47
4.2k+

Ispaniýadaky tokaý ýangyny 330 gektar meýdana ýaýrady we raýatlaryň göçürilmegine getirdi

Ispaniýanyň La-Korunýa welaýatynyň Padron häkimligine degişli Erbon obasynda dörän tokaý ýangynyny häzirki wagta çenli söndürip bolmady. Iň soňky çaklamalara görä, ot 330 gektara golaý meýdany weýran etdi,......

düýn 16:12
3.5k+

Ýuwaş ummanynda soňky onýyllyklaryň iň güýçli El-Ninýo hadysalarynyň biri emele geldi

ABŞ-nyň Milli umman we atmosfera barlaglary dolandyryşy (NOAA) we Bütindünýä meteorologiýa guramasy Ýuwaş ummanynyň işjeň El-Ninýo fazasyna girendigini habar berdiler, bu bolsa soňky onýyllyklaryň iň......