Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleriň maksatnamasy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleriň maksatnamasy bilen tanyşdy

Gurbanguly Berdimuhamedow 19-njy ýanwarda geçiren iş maslahatynda göni aragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowany hem-de medeniýet ministri A.Şamyradowy çagyrdy.

Wise-premýer M.Mämmedowa medeniýet ulgamynda “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän ýylda ýaýbaňlandyrylan çäreleri giňden beýan etmek boýunça ýörite maksatnamanyň işlenip taýýarlanandygy we ony üstünlikli ýerine ýetirmegiň ugurlarynyň kesgitlenendigi barada hasabat berdi.
Medeniýet ministri A.Şamyradow şu ýylyň şanly seneleri mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň medeni maksatnamasy barada hasabat berdi. Eziz Diýarymyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan mukaddes seneleriň hormatyna köpöwüşginli aýdym-sazly çykyşlar, bäsleşikler, sergiler we dürli derejedäki maslahatlar guralar.