Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat boýunça iş saparyny amala aşyrdy

  • 19.01.2021 08:25
  • 22k+

18-nji ýanwarda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň gatnaşmagynda paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, gurluşygy “Bouygues Batiment International” fransuz kompaniýasyna ynanylan Maslahatlar merkeziniň, kaşaň “Arkadag” myhmanhanasynyň hem-de Hökümet münberiniň gurluşyklarynyň barşy bilen tanyşdy.

Saparyň barşynda wise-premýer Ş.Durdylyýew gurluşyk meýdançasynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz taslamalar bilen tanşyp, gurluşykda ulanylýan timarlaýyş we gurluşyk serişdeleriniň häsiýetnamalaryna aýratyn üns bermegiň zerurdygyny aýtdy.
Mundan başga-da, täze gurulmagy meýilleşdirilýän durmuş maksatly binalarda, aýratyn-da, döwrebap myhmanhanalarda halkara derejeli çäreleri geçirmek mümkinçiliginiň döredilmegi zerurdyr diýip, milli Liderimiz degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.
Saparyň dowamynda wise-premýer, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow Hökümet münberinde Watan goragçylarynyň dabaraly ýörişini ýokary derejede guramak maksady bilen, bu ýerde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Şeýle hem wise-premýer M.Mämmedowa şu ýyl şanly senäni – Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny mynasyp garşylamaga görülýän taýýarlyk, hususan-da, degişli medeni-köpçülikleýin çäreleri geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz meýilleşdirilen baýramçylyk çärelerini ýokary derejede geçirmegiň möhümdigini aýdyp, bu ýerde dabaraly ýörişler bilen bir hatarda, giň gerimli medeni-köpçülikleýin çäreleri guramak üçin ähli şertleri döretmegi göz öňünde tutmalydygyny belledi.

şu gün 10:48
570

Apple Music 10 ýylyň içinde iň köp diňlenen 500 aýdymyň sanawyny çykardy

Apple Music akym hyzmatynyň 10 ýyllygy mynasybetli platformada iň köp diňlenen 500 aýdymyň sanawyny çap etdi. Ed Şiranyň “Shape of You”aýdymy sanawda birinji ýeri eýeledi. 2017-nji ýylda çykan bu aýdym platformanyň taryhynda iň meşhury boldy...

düýn 18:06
8.5k+

Şu ýyl Ýerde iň gysga günler tomusda bolar

Ýeriň aýlanmagynyň we hasaplama ulgamlarynyň halkara gullugynyň (IERS) işgärleri planetanyň adatdakysyndan çalt aýlanyp başlajak senesini hasaplady. Hasaplamalara görä, günleriň dowamlylygy 9-njy we 22-nji iýulda, şeýle-de 5-nji awgustda gysgalar...

düýn 13:35
4.8k+

Täjigistanda eýesiniň ady ýazylan I-III asyrlaryň küýzesi tapyldy

Arheologlar Täjigistanda Kuşan imperiýasy döwründe ýaşan bir aýalyň adyny saklaýan baktriýa dilindäki ýazgy bilen keramiki gaby tapdy. Tapyndy Sarband obasynyň golaýyndaky gadymy Halkajar şäherçesinde ýüze çykaryldy diýip, The Times of Central Asia-a salgylanyp, Archaeology Magazine habar berýär...

düýn 11:34
1.8k+

Xiaomi "Smart Audio Glasses" akylly äýnek-gulaklyklarynyň global satuwyna başlady

Xiaomi dünýä bazarynda Günden goraýan äýnekleriň we açyk görnüşli Bluetooth-gulaklyklaryň funksiýalaryny birleşdirýän Smart Audio Glass-y satyp başlady diýip, Gizmochina habar berýär. Model ýaňy basyş we ses zolagyny emele getiriş algoritmli SLS0820 ultrases dinamikleri bilen enjamlaşdyrylandyr, bu sesiň daşyna çykmazlygyny üpjün edýär...