«Inter» «Ýuwentusdan» üstün çykyp, A Seriýada «Milanyň» yzyndan ýetdi

  • 18.01.2021 19:33
  • 5.4k+

Italiýanyň çempionatynyň 18-nji tapgyrynyň merkezi duşuşygynda Milanyň «Interi» öz meýdançasynda Turiniň «Ýuwentusyny» ýeňmegi başardy. Antonio Konteniň şägirtleri duşuşykda 2:0 hasabynda üstün çykdylar.

Gollary öz adyna Arturo Widal we Nikola Barrela ýazdyrdy.
«Inter» soňky üç tapgyr duşuşykda birinji gezek ýeňiş gazandy. Klub A Seriýanyň jedwelinde ikinji orna çykyp, diňe goşmaça görkezijileri boýunça «Milandan» yzda barýar. «Ýuwentus» bolsa, bassyr üç oýun bäri dowam edýän ýeňişli seriýasyny tamamlady. Turinliler bäşinji orna düşdüler.
Belläp geçsek, «Milan» şu gün myhmançylykda «Kalýari» bilen duşuşar.

düýn 11:50
6.1k+

Ronaldu öz watanynda “Ähli döwürleriň iň gowy futbolçysy” hökmünde baýrak aldy

Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň we “Al-Nasr” saud klubunyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu Liga Portugal Awards dabarasynda “Ähli döwürleriň iň gowy futbolçysy” baýragyny aldy. Bu barada Portugaliýa ligasynyň saýtynda habar berilýär...

düýn 11:40
4.8k+

Kanelo – Krouford söweşinde taryhda ilkinji absolýut çempionyň ýüzügi berler

Bütindünýä boks geňeşi (WBC) absolýut çempiony üçin taryhda ilkinji ýüzügi hödürledi. Ol ikinji orta agramda titulyň eýesi meksikaly Saul “Kanelo” Alwares bilen amerikaly Terens Kroufordyň arasyndaky söweşiň ýeňijisine berler...

11.09.2025 19:52
9.3k+

Superkompýuter Çempionlar ligasynda ýeňiş gazanyp biljek topary aýtdy

Opta analitiki kompaniýasynyň superkompýuteri toparlaýyn tapgyr başlamazdan öň 2025/26 möwsüminiň Çempionlar ligasynda ýeňiş gazanmak üçin esasy dalaşgäri aýtdy. Superkompýuter uly artykmaçlygy Angliýanyň “Liwerpul” klubuna berýär...

11.09.2025 16:21
10k+

Ýekşenbede Kanelo – Krouford söweşi bolar. Ol meksikaly söweşijä $150 mln getirer

14-nji sentýabrda Las-Wegasda (Newada ştaty, ABŞ) meksikaly Saul “Kanelo” Alwares bilen amerikaly Terens “Bad” Kroufordyň arasynda söweş geçiriler. Olar ikinji orta agramda (76,2 kg çenli) absolýut dünýä çempiony ady ugrunda göreşer...