Ronaldu öz watanynda “Ähli döwürleriň iň gowy futbolçysy” hökmünde baýrak aldy

  • 12.09.2025 11:50
  • 9.3k+

Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň we “Al-Nasr” saud klubunyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu Liga Portugal Awards dabarasynda “Ähli döwürleriň iň gowy futbolçysy” baýragyny aldy. Bu barada Portugaliýa ligasynyň saýtynda habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, “Altyn topuň” bäş gezek eýesi bu baýraga millionlarça adamyň söýgüli futbolçysy we dünýä futbolynda uly yz galdyran döwrüň nyşany hökmünde mynasyp boldy.

“Portugaliýa ligasyna “Ähli döwürleriň iň gowy oýunçysy” baýragy üçin minnetdarlyk bildirmek isleýärin. Bilşiňiz ýaly, öz ýurdum üçin bir zat almak meniň üçin uly mertebe” – diýip, 40 ýaşly futbolçy wideo ýüzlenmesinde aýtdy.

Sişenbe güni Ronaldu Wengriýanyň derwezesine penaltiden gol girizip, dünýä çempionatlarynyň saýlama oýunlaryndaky gollaryň sany boýunça rekordy gaýtalady. Bu gol onuň üçin dünýä çempionatlarynyň 49 saýlama oýnunda 39-njy boldy, bu hem onuň netijesini Gwatemalanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Karlos Ruisiň görkezijisi bilen deňledi. Onuň hasabynda 47 oýunda 39 gol bar.


şu gün 09:54
791

«Milan» Ruben Amorimi baş tälimçi wezipesine belledi

Italiýanyň «Milan» futbol kluby portugaliýaly hünärmen Ruben Amorimi toparyň baş tälimçisi wezipesine belländigini resmi taýdan yglan etdi. Şertnamanyň möhleti barada klub takyk maglumat bermedi....

düýn 13:03
14k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

düýn 12:40
10k+

DÇ–2026-nyň 6-njy güni: Messiden het-trik we rekordlar, Mbappe we Holandyň dubly we birnäçe awtogol...

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň altynjy oýun güni öňki mundialyň finalçylary – Argentina we Fransiýa ýygyndylarynyň çempionata girişmegi bilen ýatda galdy....

düýn 11:14
6.9k+

FIFA Müsüriň ýygyndysyndan lybasyndaky ýedi ýyldyzy aýyrmagy talap etdi

FIFA guramasy Müsüriň milli ýygyndysyndan 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda geýjek oýun lybasynyň ýüzündäki ýedi sany ýyldyzy aýyrmagy talap etdi. Bu barada žurnalist Maýki Žunior X sosial ulgamyndaky......