Rejep Taýyp Ärdogan koronawirusa garşy sanjym etdirdi

  • 15.01.2021 17:49
  • 16k+

NTV habar gullugynyň berýän maglumatyna görä, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Ankara şäher hassahanasynda koronawirusa garşy sanjym aldy. Bu barada ria.ru habar berdi.

Munuň öňüsyrasynda Türkiýäniň Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja SinoVac hytaý kompaniýasynyň CoronaVac sanjymyny alyp, ýurtda koronawirusa garşy öňüni alyş sanjymy kampaniýasynyň başyny başlady. Saglygy goraýyş ministrliginiň penşenbe güni beren habaryna görä, Türkiýede 250 müňden gowrak saglygy goraýyş işgärine ýurtdaky sanjym kampaniýasynyň ilkinji gününde koronawirusa garşy sanjym edildi.

"Men sanjym aldym"-diýip, Ärdogan özüniň Telegram kanalynda ýazdy. Şeýle hem ol sanjym alýan pursatynyň suratyny paýlaşdy.
"Ýurdumyzda üstünlikli sanjym maksatnamasynyň çäginde 254 müň lukman eýýäm sanjym aldy. Men hem olara goşulyp sanjym aldym. Gysga wagtyň içinde ähli raýatlarymyza sanjym ediler diýip umyt edýärin"-diýip, Prezident belledi.

25.06.2026 12:37
7.1k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.6k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......

20.06.2026 14:57
7.5k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....