“Real” Mbappeni satyn almak üçin oýunçylaryny 150 mln ýewro satar

  • 13.01.2021 23:50
  • 12k+

“AS” neşiri Madridiň “Realynyň” indiki transfer penjiresinde “Pari Sen-Žermeniň” 22 ýaşly hüjümçisi Kilian Mbappeni satyn almak boýunça uly şertnama baglaşmak isleýändigini habar berýär. Bu barada csn-tv.ru belläp geçýär.

 Şeýle-de, “Real” oýunçynyň bahasyny pese düşürmegi maksat edinýär, sebäbi tiz wagtdan onuň şertnamasynyň möhleti tamamlanýar.
Bu şertnamany amal etmek üçin “Şa klubynyň” ýolbaşçylygy öz oýunçylaryny 150 mln ýewro satar. Satyljak oýunçylaryň arasynda Garet Beýl, Isko, Marselo, Daniýel Sebalýosa, Luka Ýowiç we Braim Dias bar.
Mbappeniň “PSŽ” bilen şertnamasy 2022-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli hereket edýär, onuň transfer bahasy 180 mln ýewro bilen bahalandyrylýar.
Şu möwsümde Mbappe ähli ýaryşlarda “PSŽ” üçin 20 oýna gatnaşyp, 14 gezek gol geçirdi we 8 gezek netijeli geçirim etdi. Ýeri gelende bellesek, Fransiýanyň çempiony hem oýunçy üçin 222 mln ýewro, ýagny Neýmary satyn almak üçin goýlan serişdeleri talap edip biler.

şu gün 07:26
3.3k+

«Barselona» «Realy» utup, 16-njy gezek Ispaniýanyň Superkubogyny gazandy

Saud Arabystanynda Ispaniýanyň Superkubogynyň final oýny geçirildi we Kataloniýanyň «Barselona» topary Madridiň «Realyny» 3:2 hasabynda utdy. «Barselona» bu kubogy yzygider ikinji ýyl aldy. Toparlar oýnuň birinji ýarymynda dört gol geçirdi, şolardan üç gol birinji ýaryma goşulan wagtda salyndy...

düýn 21:20
2.6k+

Erling Holand yzygider altynjy gezek Norwegiýanyň iň gowy futbolçysy boldy

«Mançester Sitiniň» hüjümçisi Erling Holand 2025-nji ýylyň jemi boýunça Norwegiýanyň iň gowy futbolçysy diýlip ykrar edildi. Ol bu baýragy yzygider altynjy gezek alýar diýip, Norwegiýanyň futbol konfederasiýasynyň resmi saýtynda habar berilýär...

düýn 20:13
3.5k+

Gwardiola taryhda transfer çykdajylary üçin 2 mlrd ýewrodan gowrak sarp eden ilkinji tälimçi boldy

«Mançester Sitiniň» baş tälimçisi Hosep Gwardiola futbol taryhynda klubuň transfer çykdajylaryny 2 mlrd ýewro ýetiren ilkinji tälimçi boldy. Bu barada Transfermarkt internet portaly habar berýär. «Mançester Siti» iki milliard ýewro görkezijisinden «Bornmutdan» ganaly winger Antuan Semenýony 72 mln ýewro satyn alandan soň geçdi – bu häzirki ýanwar aýyndaky transfer penjiresiniň iň uly şertnamasy boldy...

düýn 11:37
1.6k+

Huawei rowaýata öwrülen marafonçy Eliud Kipçoge bilen hyzmatdaşlykda täze ylgaw sagadyny döredýär

Huawei kompaniýasy sport dünýäsiniň rowaýaty şahsyýeti, marafonçy Eliud Kipçoge we professional Dsm-firmenich topary bilen hyzmatdaşlyga başlandygyny yglan etdi. Bu hyzmatdaşlygyň esasy maksady — ylgawçylar üçin niýetlenen täze we ýöriteleşdirilen Running Watch seriýasyny hödürlemekdir...