“Real” Mbappeni satyn almak üçin oýunçylaryny 150 mln ýewro satar

  • 13.01.2021 23:50
  • 12k+

“AS” neşiri Madridiň “Realynyň” indiki transfer penjiresinde “Pari Sen-Žermeniň” 22 ýaşly hüjümçisi Kilian Mbappeni satyn almak boýunça uly şertnama baglaşmak isleýändigini habar berýär. Bu barada csn-tv.ru belläp geçýär.

 Şeýle-de, “Real” oýunçynyň bahasyny pese düşürmegi maksat edinýär, sebäbi tiz wagtdan onuň şertnamasynyň möhleti tamamlanýar.
Bu şertnamany amal etmek üçin “Şa klubynyň” ýolbaşçylygy öz oýunçylaryny 150 mln ýewro satar. Satyljak oýunçylaryň arasynda Garet Beýl, Isko, Marselo, Daniýel Sebalýosa, Luka Ýowiç we Braim Dias bar.
Mbappeniň “PSŽ” bilen şertnamasy 2022-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli hereket edýär, onuň transfer bahasy 180 mln ýewro bilen bahalandyrylýar.
Şu möwsümde Mbappe ähli ýaryşlarda “PSŽ” üçin 20 oýna gatnaşyp, 14 gezek gol geçirdi we 8 gezek netijeli geçirim etdi. Ýeri gelende bellesek, Fransiýanyň çempiony hem oýunçy üçin 222 mln ýewro, ýagny Neýmary satyn almak üçin goýlan serişdeleri talap edip biler.

düýn 18:17
4.6k+

«Interiň» eminli galmagaly üçin Seriýa A-dan çykarylmagy we titullarynyň elinden alynmagy mümkin

Milanyň «Inter» futbol klubuna Seriýa B-ä düşürilmek we gazanan kuboklaryndan mahrum edilmek ýaly berk düzgün-tertip çäreleri garaşýar diýip AGI habar berýär....

düýn 16:45
4.6k+

Salah indi «Liwerpulyň» düzüminde meýdança çykyp bilmez: futbolçy dyzyndan şikes aldy

«Liwerpul» klubunyň hüjümçisi Mohamed Salah Angliýanyň Premýer-ligasynda «Kristal Pelas» toparyna garşy geçirilen oýunda (3:1) alan şikesi sebäpli möwsümiň galan böleginde meýdança çykyp bilmez....

düýn 15:01
1.1k+

Liberty Walk kompaniýasynyň týunerleri Nissan GT-R R35-i ýol monstryna öwürdiler

Liberty Walk týuning studiýasy awtoulagyň daşky görnüşine ünsi jemlemek bilen, Nissan GT-R R35-iň üýtgedilen görnüşi bilen tanyşdyrdy. Modeliň önümçiliginiň bes edilýändigine garamazdan, ol týunerleriň......

düýn 01:02
1.4k+

Keniýaly Sebastýan Sawe taryhda ilkinji bolup marafony 2 sagatdan az wagtda ylgap geçdi

Keniýaly ylgawçy Sebastýan Sawe Londonda geçirilen ýaryşda marafon aralygy boýunça täze dünýä rekordyny goýup, taryha girdi. Türgen dünýäde ilkinji bolup bu aralygy iki sagatdan az wagtda, ýagny 1 sagat 59......